Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllarynyň içinde edebiýatyň we sungatyň ösüşinde bütinleý täze döwür başlady we ähli babatlarda uly ösüşlere eýe boldy. Edebiýat we sungat her bir adamyň durmuşynda aýratyn orun eýeleýär. Hatda biz jemgyýetiň durmuşyny edebiýatsyz we sungatsyz göz öňüne hem getirip bilmeris. Biz durmuşda sungatyň dürli görnüşleriniň arasynda köplenç aýdym-saza we edebiýata gabat gelýäris. Eýsem, bu iki sungat biri-birine meňzeşmi? Şübhesiz, bu kyn mesele. Ýöne edebiýaty we sazy baglanyşdyrýan zadyň diňe ses we owazdygy hemmä mälimdir. Edebiýat bu söz sungaty, söz bolsa, bilşimiz ýaly seslerden, owazlardan ybaratdyr, olar bilen bolsa, aýdym-saz döredilýär.
Haçanda adam saz eserlerini diňlände, dürli şekilleri we keşpleri göz öňüne getirýär. Saz hem edil edebiýat ýaly bizi durmuşa atarýar, öwredýär we ondan özümiziň iň in näzik ruhy duýgularymyzy tapýarys. Şeýlelikde, sungatyň bu iki görnüşiniň adam ruhuna täsiri juda uly bolup, bu ýagdaý olary has-da ýakynlaşdyrýar. Edebiýat dünýä akyl ýetirmäge kömek edýär, saz bolsa, durmuşy öwredýär. Ýazyjy öz pikirini, duýgularyny we dünýägaraýşyny ýüze çykaryp, okyja täsir etmek üçin öz öňünde maksat goýup, edebi eserleri döredýär. Kompozitoryň hem esasy maksady şundan ybarat.
“Men sazymyň giň gerim bilen ýaýramagyny, ony söýýän we ondan göwün hoşuny we teselli tapýan adamlaryň sanynyň has-da artmagyny ýüregimden islärdim” diýip, P.I. Çaýkowskiý ýazypdyr. Hawa, döredijiligi herekete getiriji bu iki sungat hyýaly oýlanmalary we ruhubelentligi birleşdirýär. Saz bilen edebiýat bir-biri bilen özara baglanyşykly bolup, olaryň biri beýlekisine has çuňňur düşünmäge mümkinçilik berýär.
Edebi sözler türkmen halk döredijiliginde hem aýratyn ähmiýete eýe. Çünki türkmen halky özüniň çylşyrymly taryhynyň bütin dowamynda söz sungatyna uly üns berip gelipdir. Şeýdip bu halk özboluşly medeni, şol sanda edebi gymmatlyklary dörediji bolup taryhy sahna çykypdyr. Halkymyz ähli ýaradylan zatlara bolan gatnaşygyny saz-söhbet bilen beýan etmäge tagalla edipdir. Ylahy güýçlere ynam gadymy däp- dessurlaryň döremegine sebäp bolupdyr. Olar bolsa, saz we dürli hereket arkaly ýerine ýetirilipdir. Aýdym edilip aýdylýan sözler şeýle bir güýçli çykyp, ol sazyň wezipesini berjaý edipdir. Olar dilden dile geçip has syntgylanyp, kämilleşipdir. Olarda has aýdyň heňler, mukamlar, owaz öwrümleri saklanyp galypdyr. Häzirki zaman folklory halkyň däp-dessurlary bilen ýygjam aragatnaşyk saklaýanlygy munuň aýdyň subutnamasydyr.
Durmuş bilen bile dörän bu iki sungat bir-biri bilen aragatnaşykda durmuşyň dürli wakalaryny we adamlaryň içki duýgularyny ýüze çykarýar. Edebiýat sazy baýlaşdyryp, oňa şahyrana sýužetleri berýär, edebiýatsyz bolsa opera, balet, wokal sazy, aýdym, romans, opera, balet ýaly saz žanrlary hem bolmazdy.
Eger-de edebiýatda saz bolmasa, onda dünýäde näçe şygyr bardygyna garamazdan, olar diňe şygyrlygyna galardy we aýdyma öwrülmezdi. Köp şygyrlar bolsa, kompozitorlaryň oňa saz düzmekleri üçin ýörite düzülýär. Ol şygyrlar saz bolmasa, durmuşda özbaşdak ýeterlik güýje eýe bolup bilmeýärler. Diýmek, saz sungaty şygyrlary aýdyma öwrüp edebiýaty baýlaşdyrýan eken. Sözümizi jemläp aýtsak, saz edebiýata ganat we ylham berýär, edebiýat bolsa, saza aýdyňlyk we anyklyk berýär.
Şöhratberdi Mededow, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň mugallymy.