Ussat aktýor Kianu Riwziň “Sonik atly kirpi” (Sonic the Hedgehog) filmleriniň 3-njisiniň kastingine goşulandygy hem habar berildi. Ol bu animasiýa gatyşykly filmde kirpi Şedowa ses berer. Prokatlardan ilkinji 2 filmi bilen 725 million dollardan gowrak girdeji gazanan seriýanyň 3-nji kinosynda ýene-de Ben Şwarts, Kolin O’Şonessi, Idris Elba gahrymanlara ses berse, Jeýms Marsden, Tika Sampter, Jim Kerri, Tom Batler dagy dürli keşplerde surata düşerler. Ilkinji 2 filmi hem surata düşüren Jeff Powleriň režissýorlyk etjek kinosy şu ýylyň 20-nji dekabryna ekranlarda peýda bolar.