Ussat aktýor, “Matrisa” (Matrix) we “Jon Wik” (John Wick) filmleri bilen tutuş dünýäde uly meşhurlyk gazanan Kianu Riwziň indiki taslamasy mälim edildi. Belli aktýoryň “Jon Wik” filmleriniň spin-off kinosy (ýanama ekran eseri) boljak “Ballerina” filminde surata düşjekdigi habar berildi. Ýyldyz aktýor ol Ana de Armasyň baş keşpde surata düşjek filminde Jon Wikiň keşbini ýerine ýetirer. Filme “Ýerasty dünýäsi” (Underworld) filmleri bilen adygan Len Waýsmen režissýorlyk eder. Filmde Armas hem-de Riwzden başga-da, Anjelika Hýuston, Gabriel Birn, Lans Reddik, Norman Ridus, Iýn MakŞeýn Katalina Sandino Moreno dagy hem dürli keşpleri janlandyrarlar. “Lionsgate” studiýasynyň önümi boljak ekran eseri 2025-nji ýylyň 6-njy iýunynda kinoteatrlara ýaýradylar.