21-nji aprelde hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň mejlisler zalynda 15 — 20-nji aprel aralygynda Aşgabatda geçirilen şaýbaly hokkeý boýunça halkara ýaryşda ýeňiji bolan ýurdumyzyň “Galkan” hokkeý toparynyň türgenlerini we tälimçilerini sylaglamak dabarasy boldy.
Çärä Içeri işler ministrliginiň, Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň, Türkmenistanyň Hokkeý federasiýasynyň, Milli olimpiýa we paralimpiýa komitetleriniň, sport federasiýalarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, türgenler, tälimçiler, talyplar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Mälim bolşy ýaly, Gyşky oýunlar sport toplumynda Bahreýniň, Belarusuň, Eýranyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Omanyň, Russiýanyň, Özbegistanyň, Türkiýäniň we Türkmenistanyň hokkeý toparlary baş baýrak ugrunda bäsleşdiler. Ýaryşyň deslapky tapgyrynda oňa gatnaşyjylar iki topara bölündi, toparlarda ýeňiji bolanlar finala çykdylar. Ikinji orny eýelän toparlar bolsa bürünç medal ugrunda bäsleşdiler.
Şunda biziň hokkeýçilerimiziň bu halkara ýaryşda örän ynamly çykyş edendigini bellemek gerek. Ýaryşyň ilkinji gününde Türkmenistanyň sekiz gezek çempiony “Galkan” topary Bahreýniň hokkeý toparyndan mese-mälim artykmaçlyk bilen üstün çykmagy başardy. Final duşuşykda “Galkan” (Türkmenistan) we “Adihis-Kazan” (RF-niň Tatarystan Respublikasy) toparlary oýna ýokary depginde başladylar. Ýurdumyzyň hokkeý topary soňky minutlara çenli ussatlygyny görkezdi we garşydaşynyň hüjümlerine döz gelip, ony 4:2 hasabynda öz peýdasyna tamamlady.
Şeýlelikde, Türkmenistanyň “Galkan” hokkeý topary ýaryşyň ýeňijisi boldy. “Adihis-Kazan” (RF-niň Tatarystan Respublikasy) kümüş, “Wolat” (Belarus) topary bolsa bürünç medala mynasyp boldy.
“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” şygary astynda geçýän şu ýylyň 15 — 20-nji apreli aralygynda Aşgabatda geçirilen şaýbaly hokkeý boýunça halkara ýaryşda baýrakly orny eýelän “Galkan” hokkeý toparynyň türgenlerine we tälimçilerine hormatly atlary dakmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany okaldy.
Dabara gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda türgenlere diplomlar hem-de döwlet Baştutanymyzyň adyndan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.
Ýeňijileriň hormatyna Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlandy.
Çykyş edenler milli hokkeýimiziň mundan beýläk-de ösdürilmeginiň möhüm ähmiýetini nygtap, şu gezekki iri ýaryşyň dünýäniň dürli döwletleriniň wekillerini bir ýere jemlän sport baýramçylygyna öwrülendigini bellediler. Bu ýaryş ýurdumyzyň sport durmuşynda şanly waka bolup, Türkmenistanyň bu ugurdaky kuwwatyny, sport boýunça netijeli hyzmatdaşlygy ilerletmäge çalyşýandygyny dünýä äşgär etdi.
Ýadygärlik surata düşülenden soňra, Içeri işler ministrliginiň döredijilik toparlarynyň, ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda konsert guraldy.