Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Halkara Ösüş agentligi (USAID) Q2 Impact kompaniýasy tarapyndan ýerine ýetirilen “Döwleti dolandyryş ulgamynyň kämilleşdirilmegine ýardam bermek” (GSP) taslamasynyň üstünlikli tamamlanmagyny belledi. 2015-nji ýylda başlanan taslama Türkmenistanyň Mejlisi, Türkmenistanyň Döwlet gullugy akademiýasy, şeýle-de 40-dan gowrak döwlet edarasy, jemgyýetçilik birleşmeleri we hususy kärhanalar bilen hyzmatdaşlyk edip, ýurtda döwleti dolandyryşyň we kanun çykaryjylyk binýadynyň kämilleşmegine ýardam berdi.
Taslamany ýerine ýetirmekligiň dowamynda, GSP netijeli dolandyryş, kanunçykaryjylyk, gender deňligi we durnukly ykdysady ösüş boýunça 400-den gowrak okuw maslahatyny gurady we 5 müňden gowrak adama ýardam berdi. Taslama, şeýle-de, adam söwdasynyň öňüni almak, galyndylary dolandyrmakda hususy pudagyň goýumlaryny artdyrmak, inklýuziw sosial hyzmatlary girizilmek we daşky gurşawa gözegçilik etmäge degişli 33 kanunyň we düzgünleriň has-da berkidilmegine goşant goşdy.
Öz işiniň dowamynda GSP sanlylaşdyrmagyň döwlet hyzmatlaryny ýerine ýetirmekde uly rol oýnaýandygyna göz ýetirdi we döwlet gullukçylaryny we kanun çykaryjylary halkara öňdebaryjy tejribeler bilen tanyşdyrdy. Mysal üçin, taslama elektron dolandyryş ulgamynda saglygy goraýyş ulgamynda maglumatlar toplymy, ýer kadastry we meteorologik maglumat ulgamlary ýaly elektron dolandyryş ulgamlaryň girizilmegine goldaw berdi.
Mejlis, Döwlet gullugy akademiýasy, Türkmenistanyň ministrlikleri ýaly strategik hyzmatdaşlary bilen bilelikde, GSP mümkinçilikleri artdyrmak boýunça tagallalaryň durnuklylygyny üpjün etmek maksady bilen birnäçe çeşmeleri taýýarlady. Olaryň arasynda deputatlar üçin Mejlisiň işiniň esaslary we kanunçykaryjylyk tehnikasy barada elektron gollanmalar, döwlet gullukçylary üçin “IT sözlük” ady bilen maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň sözlügi we oňa degişli wideosapaklar we döwlet edaralary üçin Maliýe hasabatlylygynyň milli standartlary barada gollanmalar bar.
Inklýuziwligi ýokarlandyrmak maksady bilen, GSP Türkmenistanyň Körler we Kerler Jemgyýeti (TKKJ) bilen hyzmatdaşlykda ýurtda ilkinji yşarat terjimesiniň hyzmatlaryny ýola goýdy. Bu hyzmatlar ähli welaýatda 500-den gowrak eşidiş ukyby pes bolan adamyň döwlet edaralaryna ýüz tutmaklaryna mümkinçilik berdi we 70-den gowrak adamyň yşarat dilini kämilleşdirmeklerine ýardam etdi. Mundan başga-da, GSP ilatyň ejiz gatlaklarynyň hukuklaryny öňe sürýän “Ýeňme” jemgyýet birleşigi bilen hyzmatdaşlyk edip, döwlet gullukçylary we jemgyýetçilik birleşikleriniň wekilleri üçin inklýuziw zähmet mehanizmleri barada treningleri we okuw maslahatlaryny gurady. Bu hyzmatdaşlyk Türkmenistanyň Jemgyýetçilik birleşikleri hakyndaky we Kärhanalar hakyndaky kanunlaryna üýtgemeleriň girizilmegine ýardam berip, iş bilen üpjünçilik pudagynda inklýuziwligi we elýeterliligi has-da artdyrdy.
19-njy aprelde geçirilen GSP-niň Jemleýji çäresiniň dowamynda, USAID ýurtda dolandyryşy mundan beýläk-de berkitmek üçin GSP-niň işini dowam etjek täze taslamanyň açylmagyny hem yglan etdi. Bu dowamly arabaglanyşyk, USAID-iň Türkmenistanyň milli öňde goýan wezipeleriniň ýerine ýetirilmegine ýardam bermek maksady bilen netijeli kanun çykaryjylyk we döwlet dolandyryşy goldamaga bolan ygrarlylygyny görkezýär.