Golaýda Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň Medeniýet öýünde Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras müdirligi, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli topary, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň merkezi Geňeşi hem-de Ahal welaýat medeniýet müdirligi tarapyndan guralan halypa bagşymyz K. Geldimyradowyň ömri-döredijiligine bagyşlanan “Kämil sungatyň eýesi” atly aýdym-sazly dabara hem geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň halk artisti Kiçi Geldimyradowyň doglan gününiň 115 ýyllygyna bagyşlandy.
Dabara hormatly ýaşulular, medeniýet we sungat işgärleri, şeýle hem bagşynyň nebereleri gatnaşdylar. Dabarada bagşynyň durmuş, ömür we döredijilik ýoly barada gyzykly söhbetler edildi. Aýdym-sazlar belentden ýaňlandy. Dabara gatnaşanlar türkmen durmuşynyň ruhy hemrasyna öwrülen milli aýdym-saz sungatyny ösdürmekde, bu sungatyň halypa bagşy-sazandalaryny sarpalamakda döredilen giň mümkinçilikler üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlaryny beýan etdiler.
Saz guralyna erk edip, ençeme ilhalar aýdymlary ýerine ýetirip, halkyň gyzgyn söýgüsine mynasyp bolan bagşylaryň biri hem K. Geldimyradowdyr. Ol 1911-nji ýylda Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň Ýarygökje obasynda dünýä inýär. K. Geldimyradowyň bagşyçylyk sungatyna bolan ukyby eýýäm ýaşlyk ýyllarynda ýüze çykýar. Ýetginjeklik ýyllary hem ol gargydan tüýdük ýasanyp, saz çalar eken.
Aşgabada göçüp gelenlerinden soň bagşy Oraz salyr, Garly bagşy, Amangeldi Gönübekow, Mylly Täçmyrat, Pürli Sary, Baky Maşak ýaly halypalar bilen işleşmegi aýdym-saz sungatyna has içgin aralaşmagyna we ýerine ýetirijilik ussatlygynyň kämilleşmegine ýardam edýär. Bagşy diňe bir halk aýdymlaryny ýerine ýetirmek bilen çäklenmän, mukamçy bagşylaryň döreden täze eserlerini, şeýle hem goşa gargy tüýdügiň ýanynda ýanama aýdymlaryny hem ýerine ýetirer eken.
Milli aýdym-saz sungatymyzyň ösmegine önjeýli goşant goşan Kiçi Geldimyradowa köp ýyllar çeken döredijilikli zähmeti üçin «Türkmenistanyň at gazanan artisti», soňra bolsa «Türkmenistanyň halk artisti» diýen hormatly atlar dakylýar.
Çeşme: medeniyet.gov.tm
PDF








