Her ýylyň 23-nji apreli Halkara kitap we awtorlyk hukugy güni hökmünde bellenilýär. Dünýä edebiýaty üçin simwoliki ähmiýete eýe bolan bu günüň 23-nji aprelde bellenmeginiň sebäbi, dünýä belli ýazyjylaryň köpüsiniň şu günde dünýä inmegi ýa-da dünýeden gaýtmagy bilen baglydyr. 1616-njy ýylyň 23-nji aprelinde Migel de Serwantes, Wilýam Şekspir, Inka Garsilaso we Jozep Pla ýaly ýazyjylar aradan çykan bolsa, Moris Drýuon, Halldor Kilýan Laksness we Manuel Mehiýa Walýeho dünýä inipdir.
Bu sene 1995-nji ýylda Parižde geçirilen ÝUNESKO-nyň maslahatynda döredilýär. ÝUNESKO-nyň Baş konferensiýasynda hemmäniň, esasan hem, ýaşlaryň okamakdan lezzet almaga we adamzadyň jemgyýetçilik hem-de medeni ösüşine ýardam edenleriň goşan taýsyz goşandyna hormat goýmaga çagyrylyp, kitaplary we awtorlary sarpalama kararyna gelnendigi bellärliklidir. Hut şonda, Bütindünýä kitap we awtorlyk hukugy güni hem-de çagalar we ýetginjekler edebiýatynda sabyrlylyk maksatlaryny öňe sürmek üçin ÝUNESKO-nyň baýragy döredildi.
Bu karar aň-bilimi, medeni däp-dessurlara düşünmegi ösdürmek maksady, şeýle hem kitaplaryň bilim ýaýratmagyň iň uly serişdesi bolup durýandygy hem-de ony goramagyň iň ygtybarly usulydygyny göz öňünde tutmak bilen kabul edildi.

23-nji aprelde bellenilýän beýleki baýramçylyklar

Stol tennisiniň bütindünýä güni

2015-nji ýyldan bäri Stol tennisiniň bütindünýä güni (World Table Tennis Day) bellenilýär. Bu sene stol tennisini ýaýratmak, ony dürli ýurtlarda tanatmak, gyzyklanýan adamlary birleşdirmek we sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek maksady bilen Halkara stol tennisi federasiýasy (International Table Tennis Federation, ITTF) tarapyndan döredildi. Ilkibaşda bu sport baýramy Ösüş we parahatçylyk üçin halkara sport gününe gabat getirilip, 6-njy aprelde bellenilýär. Emma 2023-nji ýylda meşhur iňlis tennisçisi, Halkara stol tennisi federasiýasynyň (1926-njy ýylyň 15-nji ýanwary) esaslandyryjysy Aýwor Montagunyň doglan güni mynasybetli 23-nji aprele geçirilýär. Stol tennisi 1988-nji ýylda Olimpiýa sportuna goşulýar. Stoluň üstünde oýnalýan tennisiň bu görnüşine ping-pong hem diýilýar.

BMG-de iňlis dili güni

2010-njy ýyldan bäri bellenilýän bu sene BMG-niň Jemgyýetçilik maglumatlar bölümi tarapyndan döredilýär. Bu senäniň döredilmeginiň maksady halkara gatnaşyklarynda köp gepleşilýän iňlis diliniň ähmiýetine düşünmäge jemgyýetçiligi habarly etmekden ybaratdyr. Iňlis dili gününiň bu günde bellenilmegi dünýä belli iňlis ýazyjysy, meşhur dramaturgy William Şekspiriň doglan güni bilen baglanyşyklydyr. “Romeo we Julietta”, “Hamlet” ýaly meşhur eserleriň awtory Şekspir 1564-nji ýylyň 23-nji aprelinde dünýä inýär. Şeýlelikde, beýik ýazyjynyň eserlerini söýüjiler bu günde şahyryň eserlerini asyl nusgasynda, ýagny iňlis dilinde okamagy özboluşly däp hasaplaýarlar. Häzirki wagtda iňlis dili halkara gatnaşyklarda iň ýaýran dil hasaplanýar. Ýer ýüzünde 1 milliard töweregi adam iňlis dilinde gepläp bilýär. Bu dilde gepleýän adamlaryň agramly bölegi Angliýada, Awstraliýada, ABŞ-da, Irlandiýada, Täze Zelandiýada, Kanadada ýaşaýar. Bu möhüm günde BMG-niň çäginde, şol sanda beýleki ýerlerde dürli konferensiýalar, tegelek stoluň başyndaky söhbetdeşlikler, sergiler, täsirli bäsleşikler, iňlis dili we medeniýeti bilen tanyşmaga ýardam edýän dil taýýarlygy sapaklary geçirilýär.