1990-njy ýylyň 24-nji aprelinde Habbl kosmos teleskopy (Hubble Space Telescope) “Discovery” kosmos şattly arkaly Ýeriň aşaky orbitasyna çykarylyp, işe girizilýär. Adatça asman jisimlerini we olaryň hereketlerini öwrenmek üçin deňiz derejesinden beýikdäki arassa howaly ýerlerde teleskoplar we obserwatoriýalar gurulýar. Emma ösen tehnologiýa kosmosy has ýakyndan öwrenmek üçin asman giňişligine dürli enjamlary ugratmaga mümkinçilik berdi. Bu teleskoplar Ýeriň orbitasynda aýlanyp, kosmos giňişligi barada has ýakyndan maglumat almaga şert döredýär. Habbl ilkinji kosmos teleskopy däl, emma ilkinji iri, köptaraply we gymmatly maglumatlary almak üçin gural bolup hyzmat etdi. 34 ýyl geçendigine garamazdan, kosmos teleskopyndan häzirki wagtda hem peýdalanylýar.
NASA 2021-nji ýylyň ahyrynda Ýewropanyň hem-de Kanadanyň kosmos agentlikleri bilen hyzmatdaşlykda has kämil Jeýms Webb teleskopyny (“The James Webb Space Telescope”) uçurdy.
Dünýäniň ilkinji gökdiränleriniň biri
1913-nji ýylyň 24-nji aprelinde ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherinde dünýäniň ilkinji gökdiränleriniň biri açylýar. “Woolworth Building” atly ýaşaýyş jaýy hökmünde gurlan bu binanyň beýikligi 241 metre ýetýär. Ýaşaýyş jaýy 1930-njy ýyla çenli dünýäniň iň beýik binasy bolmagynda galýar. Bir asyrdan köp wagt geçendigine garamazdan, “Woolworth Building” ABŞ-nyň 100 beýik binasynyň sanawyndan aýrylmady.