Düýn, 22-nji aprelde Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 131-nji orta mekdepde okuwçylaryň arasynda geçirilýän II halkara matematika olimpiadasy badalga alypdy. Şu gün günüň birinji ýarymynda mekdep okuwçylary olimpiadanyň şahsy bäsleşigine gatnaşdylar. Olimpiada bilen ugurdaşlykda, wekiliýetleriň ýolbaşçylary bäsleşigiň geçirilýän bilim ojagynda okuw-terbiýeçilik işiniň guralyşy bilen ýakyndan tanyşdylar. Şeýle hem olar Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýalar parkyna aýlanyp gördüler.
Günüň ikinji ýarymynda wekiliýetleriň ýolbaşçylarydyr olimpiada gatnaşyjy okuwçylar paýtagtymyzdaky Türkmen halysynyň milli muzeýine, şeýle hem «Nusaý» medeni-taryhy ýadygärligine aýlanyp gördüler.