Biz atlar hakda näme bilýäris? Bular tohumlara bölünen, reňki we daşky görnüşi boýunça tapawutlanýan, şeýle hem jemgyýetde özleriniň gelip çykyşy we aýratynlyklary bilen meşhurlyga eýe bolan iň asylly, täsinli we arassa ýürekli jandardyr.
Mälim bolşy ýaly, her bir halkyň we ýurduň milli hazynasyna deňeýän öz behişdi bedewleri bar. Gadymy döwürlerden bäri dürli milletler bu jandarlara lakamlar hem-de atlar dakyp beýleki haýwanlardan aýratynlyklaryny tapawutlandyrypdyrlar.
Bu makalamyzda dünýä halklarynyň gymmatly hazynasy hasaplanylýan behişdi bedewleri baradaky maglumatlary okyjylara ýetirmegi maksat bildik:
Türkmenistan
Türkmeniň behişdi bedewleri dünýäde meşhurdyr. Ahalteke atlary nepisligi, daşky görnüşi we durşunyň asyllygy bilen ynsany haýran galdyrýar. «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary bolsa, diňe bir ýurduň çäginde geçirilýän baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmak bilen çäklenmän, halkara derejesinde geçirilýän bäsleşiklerde hem geň galdyryjy çykyşlary bilen baýrakly orunlary eýeleýärler. Bu behişdi bedewleriň şanyna her ýylyň aprel aýynda döwlet derejesinde Türkmen bedewiniň baýramy uly dabara bilen bellenip geçilmegi halkyň milli buýsanjy bolan türkmen bedewlerine hormatynyň ýokarydygyny görkezýär.
Angliýa
Angliýa köp wagtdan bäri atlary öz ýurdunyň milli buýsanjy hasaplaýar, häzirki döwürde “Derbi” atly at ýaryşlary milli gymmatlyklaryna öwrüldi. 1771-nji ýyldan bäri iňlisleriň metbugatlarynda atlara ideg etmek, olary ýörişlere taýýarlamak barada giňişleýin makalalar çap edilýär. XVIII asyryň ortalarynda ýurtda at ösdürip ýetişdirmegiň ähmiýeti ýokary tizlikde alnyp baryldy. Dünýäde arap atlary bilen deň derejede meşhur bolan iňlis atlarynyň hem birnäçe görnüşi bar.
Fransiýa
Fransuzlar gadymy döwürden bäri aty “çewal” diýen söz bilen atlandyrýarlar. Fransuzlaryň “Perşeron” atly tohumly bedewi dünýäniň köp sanly atyny ösdürip ýetişdirmekdäki goşandy uludyr.
Italiýa
Italýan halky atlaryny mähirli söz bilen “cavallo” diýýärler. Häzirki wagtda bu ýurduň çäginde dürli tohumly 1 milliondan gowrak at bar. Italiýaly meşhur atşynas Federiko Tesio atlary köpeltmek we olary ýaryşa taýýarlamak babatda düýbünden täzeçil usullary hödürledi. Dünýä alymlarynyň we hünärmenleriň pikiriçe häzirki zaman tohumly atlaryň 75% italýan ganly atlardygyny beýan edýärler. Italiýanyň “Mürgese”, “Salerno” ýaly tohumly atlaryny seýislemek ýewropa halklarynyň arasynda uly meşhurlyga eýedir.
Germaniýa
Germaniýanyň köp sanly at tohumlarynyň arasynda iň gadymysy “Holşteýn” tiresidir. Holşteýnleriň saýlama wekillerinden ösdürilip ýetişdirilen “Gannower” atly tohumynyň atlary dünýäde uly meşhurlyga eýedir. Bu tohumly atlar dünýä döwletlerinde geçirilýän atlaryň gözellik bäsleşiklerinde, triatlon we bökmek ýaryşlarynda iň naýbaşy baýraklary almagy başaran hem-de bu döwleti dünýä şöhratlandyran bedewidir.
Gazagystan
Gazak halky bedewlerine “Žylky” diýip atlandyrýarlar. Gazagystan Respublikasynyň çäginde peýda bolan we häzirki wagtda döwletiň çäginde bolmagyny dowam edýän milli bedewleri gazagyň düzlük (sähra) atlarydyr. Gazagystanda ýerli atçylykda 13 tohumly at bar, olaryň köpüsi ýurduň üstünlikli ykdysadyýetiniň esasyny düzýär. “Kustanaý”, “Jebe” we “Adaýewskaýa” bedewleri halkyň arasynda giň meşhurlyga eýedir.
Ukraina
Ukrainanyň halky atlary “kin” sözi bilen atlandyrýarlar. Ukrainada iň köp ýaýran at tohumy “Hutsul”, “Nowo-Aleksandriýwskaýa” atly bedewleri. Bu atlar iň oňat öwrülişik, bedewiň ajaýyp häsiýetleri, çaltlygy we ideg etmekde aňsatlygy sebäpli halkyň söýgüsine meşhurdyr.
Ynha, görüşimiz ýaly gadymy döwürlerden bäri halklar atlary iň gymmatly öý haýwany hasaplapdyrlar, diňe bir uly ýaşly adam däl, eýsem ýaş juwanlar aty seýislemekde ussatlyklary görkezmegi başarypdyrlar. Gadymy döwürlerde bu jandarlar adamyň durmuş ýolunda kömekçi we işjeň hyzmatdaş hökmünde möhüm ähmiýete eýedigi taryhy wakalar tassyklaýar. Häzirki döwürde alymlar ynsanyň at münmegi nerw ulgamyna, dürli keselleriň öňüni almaga oňyn täsir edip bilýändigini subut etdiler, şol sebäpli bu behişdi jandarlaryň orny adamyň durmuşynda we kalbynda elmydama belent söýgä mynasyp bolup galar.
Internet maglumatlary esasynda taýýarlan:
Serdar AKYÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Arkadag şäheri boýunça müdirliginiň harby gullukçysy, kapitan.