Maý aýynda baýramçylyklar we şanly seneler mynasybetli dürli maslahatlary, “tegelek stoluň” başyndaky söhbetdeşlikleri, döredijilik duşuşyklaryny, sergileri, konsertleri, wagyz-nesihat çärelerini guramak, ozal yglan edilen döredijilik bäsleşikleriniň jemini jemlemek göz öňünde tutulýar.
9-njy maýda 1941—1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňiş güni mynasybetli paýtagtymyzda we welaýatlarda dabaralar geçiriler. 16-njy maýda Aşgabatda TÜRKSOÝ-a agza döwletleriň ÝUNESKO-nyň işleri barada milli toparlarynyň 10-njy mejlisini geçirmek göz öňünde tutulýar.
Şu ýyl Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli çäreleriň birnäçesi meýilleşdirildi. Hususan-da, medeniýet ministrleri derejesinde halkara maslahat, ýurdumyzyň teatrlarynda sahna oýunlarynyň görkezilişi, kinoteatrlarda we kinokonsert merkezlerinde beýik türkmen şahyrynyň döredijiligine bagyşlanyp surata düşürilen türkmen kinofilmleriniň görkezilişi guralar. 17-nji maýda Aşgabadyň günorta künjeginde Magtymguly Pyragy medeni-seýilgäh toplumynyň hem-de meşhur söz ussadynyň ýadygärliginiň açylyş dabarasyny geçirmek göz öňünde tutulýar.
18-nji maýda paýtagtymyzda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli dabaralar, şol sanda durky täzelenen Baş baýdak meýdançasynyň açylyş dabarasy geçiriler. Şol gün “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” atly halkara ylmy maslahaty, baýramçylyk konsertini guramak meýilleşdirilýär. Şeýle hem Aşgabat şäheriniň güni, okuw ýylynyň tamamlanmagy, “Soňky jaň” dabarasy mynasybetli baýramçylyk çäreleri guralar.
24-25-nji maýda Söwda-senagat edarasynda “Ak şäherim Aşgabat” atly XXIII köpugurly halkara sergi, 26-njy maýda Türkmen halysynyň milli muzeýinde Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli haly we haly önümleriniň sergisi, Söwda-senagat edarasynda Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXIV mejlisi geçiriler. Mundan başga-da, geljek aýda paýtagtymyzda we Ahal welaýatynda täze desgalaryň birnäçesi, şol sanda ýaşaýyş jaýlary, medeni-durmuş, beýleki maksatly desgalar ulanmaga berler.
Bu barada 25-nji aprelde geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa hasabat berdi.