Diňe bir suwsuzlygy gandyrmak üçin däl, eýsem, bedeniň kadaly işlemegi üçin hem suw içmegiň nähili möhümdigini hemmämiz bilýäris. Gündelik içilýän suwuň mukdaryna we hiline üns bermeli. Şeýle hem suw içilende saglyga zyýansyz usuly saýlamaly. Ýagny suwy dik duran ýeriňde içmelimi ýa-da oturyp içmelimi?! Geliň, bu iki usulyň saglyga peýdaly we zyýanly taraplary bilen tanyş bolalyň!
Köpler dik duran ýerinde, esasan hem, ýöräp gelenden soň ýa-da howlukmaç ýagdaýda suw içmegi endik edýärler. Hünärmenler gyzyp suw içmegiň zyýanlydygyny belläp, dem-dynç alyp, deriň gaýdandan soň suwsuzlygyňy gandyrmagy maslahat berýärler. Gyzyp suw içmek saglyk bilen bagly nähoş ýagdaýlara getirip bilýär. Köplenç ýaşuly adamlaryň suwy howlukmazdan, oturyp içmelidigi barada öwüt berýän pursatlaryna duş gelýäris. Eýsem, suwy näme üçin oturyp içmeli?
Lukmanlaryň maslahat bermegine görä, dik durup suw içmek saglyk bilen bagly meseleleriň döremegine sebäp bolup bilýär. Adam dik duranynda beden we dokumalar dartgynly ýagdaýda saklanýar. Şeýle ýagdaýda bedeniň suwuklyk sazlaşygy bozulyp, suwuň çalt siňmegine sebäp bolýar.
Dik durup suw içmegiň zyýanly taraplary:
Dik duran ýeriňde suw içilende suw uly güýç we tizlik bilen iýmit ýolundan geçýär hem-de göni aşgazana düşýär. Bu iýmit siňdiriş ulgamy üçin zyýanly bolup, nerw damarlar dartylýar, suwuklyk deňagramlylygy bozulyp, iýmit siňdirişiň kynlaşmagyna hem-de toksinleriň döremegine sebäp bolýar.
Aýak üstünde suw içmek bogunlarda suwuklygyň ýygnanmagyna, ýagny artritiň döremegine getirip bilýär. Dowamly ýagdaýda dik durup suw içilende dyzda ýa-da dabanyň aşagynda pakgarçak emele gelýär.
Dik durup suw içilende zerur witaminler bagra we iýmit siňdiriş ulgamyna ýetmeýär. Şeýle ýagdaýda gan çalt aýlanýar, bedende kislorod ýetmezçiligi ýüze çykyp, öýkeniň we ýüregiň işine zeper ýetip bilýär.
Lukmanlar oturan wagtyň böwrekleriň has gowy işleýändigini belleýärler. Aýak üstünde suw içilende suwuklyk ýokary basyş bilen aşgazanyň aşaky bölegine süzülmän geçýär. Şeýle ýagdaýda suwdaky owunjak hapalar öt haltasyna we böwrege barýar. Bu ýagdaý böwregiň we peşew ýollarynyň işiniň bozulmagyna sebäp bolýar.
Şeýle ýagdaýlaryň öňüni almak üçin suwy oturyp, göwräňi dik saklamak arkaly howlukmazdan owurtlap içmeli. Oturyp kadaly derejede suw içilende iýmit siňdiriş ulgamy bilen bagly meseleler ýüze çykmaýar. Şeýle hem beden agzalary, esasan hem, beýni ýokumly maddalar bilen üpjün edilýär. Iş, durmuş ýörelgelerinde ýetişip bilmezligiň ýa-da howlugylýan pursatlaryň bardygyna garamazdan, suwy oturyp içmegi endik etmeli. Bu saglyk üçin derwaýys kadalaryň biridir.
Näçeräk suw içmeli?
Adam bedeniniň 50-70 göterimi suwdan ybarat. Beden agzalary, her bir öýjük we dokuma kadaly işlemek üçin suwa zerurlyk duýýar. Işlemek we dowamly hereket etmek arkaly bedenimizden birnäçe litr suwuklyk bölünip çykýar. Şeýle hem howanyň gyzmagy bilen bedende suw ýetmezçiligi ýüze çykýar.
Bilermenleriň bellemegine görä, erkekler üçin her gün 3,7 litr, zenanlar üçin 2,7 litr suw içmek maslahat berilýär. Bu kada iş, durmuş we saglyk ýagdaýyna görä, adamlarda üýtgäp hem biler. Beden üçin zerur bolan suwuklygyň 20 göterimi iýmitlerden we miwelerden alynýar. Galan bölegi suw içmek arkaly doldurylýar. Bilermenler her gün 8 bulgur suw içmegiň maksadalaýykdygyny belleýärler.
Suwsuzlygy gandyrmak üçin hökman suw içmek zerurlygy ýok. Munuň deregine garpyzdyr miwe, ysmanak ýaly gök otlary iýip hem suwsuzlygy gandyryp bolýar. Mundan başga-da, ösümlik çaýlary, süýt we miwe şireleri suwsuzlygy gandyrmak üçin kaloriýa baý içimliklerdir. Bilermenler gazlandyrylan, reňkli içimlikleri içmek arkaly teşneligi gandyrmagy maslahat bermeýärler.