Adamlar müňlerçe ýyldan bäri äpet binalary gurýarlar. Olaryň käbiri häzirki wagta çenli gelip ýeten hem bolsa, köpüsi ýykylyp, ýok bolup gidipdir. Müsür piramidalary, Beýik Hytaý diwary has irki döwürlerde gurlan we häzire çenli saklanyp galan binalar hökmünde meşhurdyr. Dünýäde bulardan has soňra häzirki zaman usulynda gurlan täsin desgalar hem az däl. Olaryň köpüsi suwuň üstünde ýa-da ýüzýän görnüşde guruldy. Baý tejribe, ummasyz serişde we batyrgaýlyk talap edýän bu desgalaryň käbiri baradaky maglumaty size ýetirýäris.
Panama kanaly. Uzynlygy 77 kilometre barabar bolan kanaly gurmagyň, ondan suw ulaglaryny geçirmegiň iň kyn we çylşyrymly tarapy Atlantik hem-de Ýuwaş ummanlarynyň arasyndaky suw derejesiniň biri-birinden tapawutly bolmagydyr. Açylanyna 100 ýyldan gowrak wagt geçen bu desga halkara suw ýollaryny ep-esli gysgaldyp, söwdanyň ösmegine görnetin ýardam etdi. Desganyň gurluşygyna 1881-nji ýylda Fransiýanyň başlangyjy bilen başlanýar. Taslamany 1904-nji ýylda ABŞ kabul edip alýar. 1914-nji ýylyň awgust aýynda açylan Panama kanaly iki ummany birleşdirdi, Günorta we Demirgazyk Amerikany bolsa ikä böldi. Suwuň derejesiniň tapawutlydygy sebäpli gämiler belli bir aralykda ýerleşýän gatlalaryň açylyp-ýapylmagy netijesinde haýallyk bilen geçýärler.
«Altyn derweze» köprüsi. San-Fransisko bilen Ýuwaş ummanyny birikdirýän «Golden Gate» köprüsi 1937-nji ýylda açylandan soňra 27 ýyllap dünýäniň iň uzyn asma köprüsi diýen derejäni saklaýar. Uzynlygy 2 müň 73 metre ýetýän köpri çuňlugy 120 metre barabar deňziň üstünden geçýär. Bu ýerde güýçli ýeliň bolýandygy sebäpli köprüde polat urganlar has köp ulanylypdyr. Inženerleriň bellemegine görä, köpriniň gurluşygynda ulanylan urganlaryň umumy uzynlygy planetamyzyň daşyndan üç gezek aýlanmaga ýetýär. Ýel bolanda köpri gapdallygyna iki metre çenli çaýkanyp bilýär. Desganyň gurluşygynda we ulanylýan wagtynda ýokary howpsuzlyk kadalary göz öňünde tutulypdyr.
Transatlantik telegraf geçirijisi. 1854-nji ýylda amerikaly täjir Saýrus West Fild Atlantik ummanynyň aşagyndan telegraf kabeli geçirmek üçin taslamany işläp düzýär. Birnäçe gezek edilen synanyşykdan soňra amerikan we britan flotuna degişli gämiler bilen 1858-nji ýylyň tomsunda Irlandiýa bilen Nýufaundlendi (Kanada) birikdirýän 3 müň 200 kilometr aralykda kabel düşelip tamamlanýar. Şeýlelikde, ilkinji transatlantik aragatnaşyk geçirijisi gurulýar. Şazada Wiktoriýa şanly waka mynasybetli bu kabel arkaly Prezident Jeýms Býukenene Gutlag hatyny iberýär. 98 sözden ybarat Gutlag sözi 16 sagatda geçýär. Häzirki tehnologiýa göz öňünde tutulanda bu wagt uzak görünmegi mümkin. Emma şol döwürde 3 müň 500 kilometre golaý bu aralygy bugly gämiler arkaly 10 günde geçip bolýardy. Birnäçe hepdeden soňra telegraf liniýasynda düzedip bolmajak bökdençlik ýüze çykýar. Muňa garamazdan, transatlantik liniýalaryň gurluşygy dowam edýär. 1866-njy ýylda Fild täze kabeli düşemek üçin «Great Eastern» atly gämi bilen şertnama baglaşýar. Eýýäm 1900-nji ýyla çenli Ýewropa bilen Amerikany birikdirýän birnäçe telegraf geçiriji işe girizilýär.
Huweriň bendi. 1935-nji ýylda ABŞ-da Kolorado derýasynyň aşaky akymynda gurlan bu bent şol döwürde dünýäniň iň uly beton desgasy, ýagny iň uly bendi bolýar. 60 gatly äpet desgany gurmak üçin 21 müňden gowrak işgär zähmet çekýär. Täsin inženerçilik desgasy derýanyň suwuny gözegçilikde saklamaga, 2 million gektar ýeri suwarmaga hem-de 1 milliondan gowrak öýe ýetjek elektrik energiýasyny öndürmäge mümkinçilik berýär. Bu suw desgasynyň gurulmagy Arizona ştatyndaky Las-Wegas we Finiks şäherleriniň ösüşine goşant goşýar. Şeýle hem bu desganyň gurulmagy bilen ABŞ-nyň iň uly suw howdany hasaplanýan Mid köli emele gelýär.
Delta taslamasy. Niderlandlaryň uly bölegi deňizleriň saý ýerlerine bent gurlup, suwuň çekilmegi bilen emele gelen. Ýurduň taryhynda bu usul has irki döwürlerde hem ulanylypdyr. Şol sebäpli Niderlandlaryň köp bölegi deňiz derejesinden pesde ýerleşýär. Şeýle ýagdaýda sil we suw joşmalarynyň ýüze çykmak töwekgelçiligi hem bolup bilýär. Ýurtda deňiz suwuny guratmak, siliň öňüni almak we ekerançylyk ýerlerini döretmek maksady bilen Delta taslamasy durmuşa geçirilýär. Demirgazyk deňziniň pes suwly Zýoýderze aýlagynda birnäçe bent, gatla, kanal we beýleki suw desgalary gurulýar. 1927-nji ýylda aýlagyň daşyndan 30 kilometrlik bendiň gurluşygyna badalga berilýär. Soňra bolsa gurluşygy onlarça ýyl dowam etjek has uly taslama durmuşa geçirilip başlanýar. 1954-1997-nji ýyllar aralygynda Ren hem-de Maas derýalarynyň deňze guýýan ýerinde suwuň akymyna gözegçilik etmek üçin dürli desgalar gurulýar. Netijede, mes toprakly ekin meýdanlary, kanallar we köl emele gelýär.