Kep­de­ri ir­ki dö­wür­ler­den bä­ri adam­zat dur­mu­şyn­da uly or­ny eýe­läp gel­ýär. En­tek ara­gat­na­şyk en­jam­la­ry­nyň ýok ma­ha­ly adam­lar bi­ri-bi­ri bi­len ha­bar­laş­mak üçin bu gu­şy «oka­dyp­dyr­lar». Şol dö­wür­ler kep­de­ri ided­ýän ýö­ri­te guş­çu­lar bo­lup, ki­çi­jik ha­ty kep­de­ri­niň aýa­gy­na ber­ki­dip, bar­ma­ly ýe­ri­ne ug­ra­dyp­dyr­lar. Hä­zir­ki dö­wür­de öý­ler­de, haý­wa­nat bag­la­ryn­da be­zeg gu­şy hök­mün­de sak­lan­ýan kep­de­ri­ler dün­ýä­de pa­ra­hat­çy­ly­gyň ny­şa­ny ha­sap­lan­ýar. Ga­ze­ti­mi­ziň şu sa­nyn­da kör­pe oky­jy­la­ry­my­zy dün­ýä­dä­ki iň owa­dan kep­de­ri­ler bi­len ta­nyş­dyr­ma­gy ma­kul bil­dik.

Ni­ko­bar kep­de­ri­si. Hin­dis­ta­nyň dür­li kün­je­gin­de ga­bat gel­ýän bu owa­dan kep­de­ri­ler In­do­ne­zi­ýa çen­li ba­ryp ýe­tip­dir. Ni­ko­bar kep­de­ri­si Ma­laý­zi­ýa­da, Fi­lip­pin­ler­de we Pa­lau­da hem duş gel­ýär. Sy­ýa reňk­li kep­de­ri­niň bu gör­nü­şi­niň boý­nun­da se­çe­le­nip du­ran uzyn ýe­lek­le­ri bar. Ar­ka­sy we ga­nat­la­ry­nyň üs­ti älem­go­şa­ra meň­zeş öw­şün at­ýan ni­ko­bar kep­de­ri­si ýi­tip git­mek how­py aban­ýan guş­la­ryň ha­ta­ry­na gir­ýär.
«Kä­ki­lik» kep­de­ri­si. Awst­ra­li­ýa­da ýa­şa­ýan bu kep­de­ri kä­ki­li­ge ça­lym ed­ýär. Ga­nat­la­ry goň­rum­tyl me­nek­li, dö­şi al­tyn­sow reňkli bu kep­de­ri­ler, esa­san, ilat­ly ýer­ler­de ýa­şa­ýar. Köp­çü­li­ge uý­gun­la­şan «kä­ki­lik» kep­de­ri­si Awst­ra­li­ýa­nyň çöl­le­rin­de we gür to­kaý­la­ryn­da seý­rek ýag­daý­da duş gel­ýär.
Ala­be­der köşk kep­de­ri­si. In­do­ne­zi­ýa­da, Ma­laý­zi­ýa­da we Fi­lip­pin­ler­de duş gel­ýän kep­de­ri­niň bu gör­nü­şi se­bit­dä­ki iň owa­dan guş­la­ryň ha­ta­ryn­da dur­ýar. Ga­nat­la­ry, guý­ru­gy ga­ram­tyl ak­ja kep­de­ri ir­ki dö­wür­ler­de hat gat­nat­mak üçin köşk­ler­de sak­la­nyp­dyr. Bu guş ga­nat­la­ry­ny ýa­ýan­da has owa­dan gö­rün­ýär.
«Şah­ly» gum kep­de­ri­si. Guş­la­ryň «ko­lum­bi­dae» maş­ga­la­sy­na de­giş­li bo­lan «şah­ly» gum kep­de­ri­si owa­dan­ly­gy bi­len beý­le­ki kep­de­ri­ler­den ta­pa­wut­lan­ýar. Gu­rak ýer­de – çöl­ler­de we ga­ýa­lar­da ýa­şa­ýan bu guş­lar çalt uç­ma­gy bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Di­ňe Awst­ra­li­ýa­da duş gel­ýän bu kep­de­ri­le­riň gu­muň reň­ki­ne meň­zeş goň­rum­tyl reň­ki ýyr­ty­jy­lar­dan bu­kul­ma­ga ýar­dam ed­ýär. Ga­nat­la­ryn­dan ga­ra zo­lak­lar geç­ýän bu kep­de­ri­le­riň «şa­hy» otuň gu­ran bal­dak­la­ry­na meň­ze­ýär.
Pe­pek­li kep­de­ri. Ça­lym­tyl-mä­mi­şi reňk­li bu kep­de­ri dün­ýä­niň iň owa­dan guş­la­ry­nyň bi­ri­dir. Kel­le­si­niň üs­tün­de ýe­le­gi bo­lan bu guş­lar howp­ly ýag­daý­lar­da «an­ten­na­sy­ny» gal­dyr­ýar. Edil çe­ki­len su­ra­ta meň­zeş pe­pek­li kep­de­ri­ler Awst­ra­li­ýa­nyň ot­luk meý­dan­la­ryn­da we eke­ran­çy­lyk ýer­le­rin­de ýa­şa­ýar­lar.
Täç­li Wik­to­ri­ýa kep­de­ri­si. In­do­ne­zi­ýa­nyň gü­nor­ta bö­le­gin­de ýa­şa­ýan täç­li kep­de­ri­ler Pa­pua Tä­ze Gwi­ne­ýa­da hem ýaý­ran­dyr. Uly göw­re­li, gö­güm­til reňk­li gu­şuň dö­şün­de we ga­na­tyn­da gyz­gylt ýer­le­ri bar. Gy­zyl göz­li jan­da­ryň kel­le­sin­de ta­wu­syň guý­ru­gy ýa­ly tä­ji bo­lup, iň­lis Şa ze­na­ny Wik­to­ri­ýa­nyň hor­ma­ty­na şeý­le at­lan­dy­ry­lyp­dyr.
Ýa­şy­lym­tyl-sa­ry kep­de­ri. Pa­kis­tan­da, Hin­dis­tan­da ýa­şa­ýan ýa­şyl kep­de­ri­ler In­do­ne­zi­ýa­nyň tro­pik to­kaý­la­ryn­da hem duş gel­ýär. Dö­şi mä­mi­şi reňk­li bu kep­de­ri­le­riň esa­sy iý­mi­ti mi­we­dir ir-iý­miş­ler bo­lup, bag-bak­ja­ly ýer­de ýa­şa­ma­gy ha­la­ýar­lar. Ýa­şy­lym­tyl-sa­ry kep­de­ri­ler ýi­tip bar­ýan guş­la­ryň ha­ta­ry­na gi­ri­zil­ýär.
Me­nek­li kep­de­ri. «Af­ri­ka ga­ýa kep­de­ri­si» hem di­ýil­ýän bu kep­de­ri­ler Sa­ha­ra çö­lü­niň etek­le­rin­de we Af­ri­ka­nyň ga­ýa­ly hem-de gy­rym­sy agaç­ly ýer­le­rin­de duş gel­ýär. Ga­ram­tyl-gök reňk­li bu kep­de­ri­niň boý­nun­da­ky we ga­nat­la­ry­nyň üs­tün­dä­ki gy­zy­lym­tyl per­le­ri has owa­dan gör­kez­ýär. Gö­zü­niň da­şy gy­zyl me­nek­li bu guş­la­ryň ga­na­ty­nyň üs­tün­de ak no­kat­la­ry hem bar.
Ga­ýa kep­de­ri­si. Dün­ýä­de iň köp ýaý­ran kep­de­ri gör­nüş­le­rin­den bi­ri bo­lan bu guş­lar, esa­san, ga­ýa­ly we kert ýer­ler­de ýa­şa­ýar­lar. As­man reňk bu kep­de­ri­niň boý­nun­da­ky ýa­şy­lym­tyl-gül­gün tüý ör­tü­gi we ga­na­tyn­da­ky ga­ram­tyl ýe­lek­le­ri has owa­dan gör­kez­ýär. Bu guş­la­ryň reň­ki ýa­şa­ýan se­bi­ti­ne gö­rä üýt­ge­ýär. Ga­ýa kep­de­ri­le­ri Ýew­ro­pa­nyň dag­la­ryn­da, Ýa­kyn Gün­do­gar ýurt­la­ry­nyň ilat­ly ýer­le­rin­de duş gel­ýär.
Gy­zyl döş­li kep­de­ri. Iň owa­dan kep­de­ri­le­riň sa­na­wyn­da gy­zyl döş­li fi­lip­pin kep­de­ri­si hem bar. Bu owa­dan guş­ja­gaz beý­le­ki kep­de­ri­ler­den öw­şün at­ýan ýa­şy­lym­tyl reň­ki we dö­şün­dä­ki gy­zyl me­ne­gi bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Gö­räý­mä­ge dö­şün­den ýa­ra­la­na­na meň­ze­ýän bu kep­de­ri­ler sa­ny azal­ýan guş­la­ryň ha­ta­ry­na gir­ýär.