Günorta Koreýanyň başlangyç bilim institutynyň hünärmenleri almaz önümçiliginde uly açyş etdiler. Alymlar täze usul arkaly tebigy şertlerde milliardlarça ýylda emele gelýän almazy birnäçe minutyň dowamynda öndürmegi başardylar. Tebigy şertlerde almaz ýeriň astynda aşa ýokary basyş we gyzgyn şertlerde müňlerçe asyryň dowamynda emele gelýär. Soňky ýyllarda emeli göwher önümçiligi barha artdy. Golaýda dünýäde satuwa çykarylýan almaz önümleriniň ýaryna golaýynyň laboratoriýada öndürilýändigi mälim edilipdi. Bu emeli almazlar birnäçe hepdede öndürilýär. Koreý hünärmenleri bolsa suwuk metallary garyşdyrmak arkaly bu prosesi has çaltlaşdyryp, 150 minutda almaz öndürdiler. Munuň üçin 1 müň 25 dereje temperaturada ýeterlik boldy. Köp wagtdan bäri almaz öndürmek üçin uglerod eredilip suwuk metala öwrülýär. Emma adaty usul has ýokary basyşa zerurlyk duýýardy. Täze usulda has pes temperaturada we basyşda almaz öndürildi.