Ýakynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda iňlis dili boýunça III halkara olimpiada (IIOE – 2024) geçirildi. Oňa dünýäniň ýurtlaryndan iki müňe golaý talyp gatnaşdy. Bu çäre institutyň sanly platformasynda döwrebap tehnologiýalar esasynda guralyp, dalaşgärlere 1 sagat 30 minutyň dowamynda meseleleriň 10-syny çözmek tabşyryldy. Netijede, talyplaryň 281-si bäsleşigiň ýeňijisi boldy, şolardan 181-si türkmen ýaşlarydyr.
Türkmen talyplary bäsleşikde şowly çykyş edip, 11-si birinji, 62-si ikinji, 108-si bolsa üçünji derejeli Diplomlara mynasyp boldy. Bu bäsleşik ýaşlaryň aragatnaşyk ukyplaryny ýüze çykarmaga we dünýäniň bilim ojaklary bilen hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmäge täze badalga berdi.
Çeşme: “Bilim” žurnaly.