1982-nji ýylyň 29-njy aprelinden bäri bütin dünýäde Halkara tans güni (International Dance Day) bellenilýär. Bu sene ÝUNESKO-nyň Halkara tans geňeşiniň (International Dance Council, CID) başlangyjy bilen kabul edilýär. Tans güni rus horeografy Pýotr Gusýewiň teklip etmegi bilen fransiýaly baletmeýster we häzirki zaman balet tansynyň düýbüni tutujy Žan-Žorž Noweriň doglan gününe (29-njy aprel, 1727-nji ýyl) gabatlanyp geçirilýär. Her ýyl tans güni mynasybetli dürli tans agşamlary, festiwallar, tansyň dürli ugurlaryndan bäsleşikler guralýar we ýeňijilere sowgatlar gowşurylýar.