“Titanik” gämisindäki iň baý işewür adam Jon Jeýkob Astora degişli altyn jübi sagady Beýik Britaniýanyň “Henry Aldridge & Son” auksionda, 1,5 million dollara satyldy. Bu barada “Sky News” teleýaýlymy habar berdi.
Auksion öýüniň maglumatlaryna görä, bu ady rowaýata öwrülen gämiden galan ýadygärlikden gazanylan iň uly möçberdäki puldur. Gymmat bahaly sagady amerikaly hususy kolleksiýaçy satyn aldy. Sagadyň başda 100 müňden 150 müň funt sterlinge çenli aralykda satylmagy meýilleşdirilendigi bellendi.
Öz döwründe dünýäniň iň uly ýolagçy gämisi hasaplanýan britan gämisi “Titanik” 1912-nji ýylyň 14-nji aprelinde Sautgemptondan Nýu-Ýorka ilkinji sapary wagtynda aýsberge urup, 2 sagat 40 minutdan soň batdy. Gäminiň galyndylary 1985-nji ýylyň sentýabr aýynda Kanadanyň Nýufoundlend adasynyň kenaryndan, takmynan, 350 deňiz mili uzaklykdan dört kilometr çuňlukda tapyldy.
Sagadyň eýesi, telekeçi Jon Jeýkob Astor 1912-nji ýylda 47 ýaşyndaka “Titanik” heläkçilige uçranda gark boldy. Şol wagt onuň aýaly Madlen Fors gaýyk bilen halas edildi. “The Guardian”-yň habaryna görä, işewüriň jesedi bir hepde soň Atlantik ummanynda ýüze çykarylyp, öz ady haşamlanyp ýazylan 14 karatlyk altyn jübi sagady hem ýanyndan tapyldy.