28-29-njy aprelde Saud Arabystanynyň paýtagty Er-Riýadda halkara hyzmatdaşlygyna, ösüşe we energiýa pudagyna bagyşlanan Bütindünýä ykdysady forumynyň (WEF) ýörite mejlisi geçirildi. Mejlisde döwlet we hususy pudaklardan, halkara guramalardan, hökümete degişli däl guramalardan, akademiýalardan we raýat jemgyýetlerinden 700-den gowrak ýurduň wekilleri gatnaşdy. Forumyň işi halkara hyzmatdaşlygy janlandyrmak we ösüşdir özgerişliklere päsgel berýän häzirki döwrüň kynçylyklaryny çözmek maksady bilen ýurtlaryň arasyndaky gepleşikleri işjeňleşdirmäge gönükdirildi.
-Bu gün biz dünýäniň köp üýtgeşmelere sezewar bolýan wagtynda, ykdysadyýetlerimiz, jemgyýetlerimiz we pudaklarymyz görlüp-eşidilmedik derejede kynçylyklar, şol bir wagtyň özünde bolsa, ägirt uly mümkinçilikler bilen ýüzbe-ýüz bolýan döwründe bir ýere jemlenýäris – diýip, Saud Arabystanynyň ykdysadyýet we meýilleşdiriş ministri Faýsal ben Fadl al-Ibraýym ýörite mejlisiň açylyş dabarasynda aýtdy. Ol sözüniň dowamynda hemmeleriň eşreti üçin işleýän dünýä ykdysadyýetine global derejede gatnaşmagyň ähmiýeti barada durup geçdi.
WEF-iň başlygy Borge Brende häzirki mejlisi sebit we halkara meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin möhüm platforma diýip atlandyrdy. WEF-iň ýörite mejlisi gatnaşyjylaryň arasynda daşky gurşaw, sanly ykdysadyýet, emeli aň, sungatyň jemgyýetdäki orny, häzirki zaman telekeçiligi we “akylly” şäherler barada özara pikir alyşmaga giň mümkinçilik döredýär.