Gyrgyzystanda «Araşan» tohumyndan bolan goç 1 million dollara satylyp, uly rekord goýuldy. Bäş ýurtdan maldarlaryň gatnaşan bu festiwalynda satylan tohum goç öň Gazagystana 150 müň dollara satylan meşhur Frankel atly goçuň neslindendir. Bu tohum gissar we ýüňli goýunlary çaknyşdyrmak arkaly 2021-nji ýylda alnyp, häzirki wagtda goňşy ýurtlarda hem uly gyzyklanma döredýär.