BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň agzalary guramanyň indiki Baş sekretary wezipesine dalaşgär boýunça umumy bir pikire gelip bilmediler. «The New York Times» neşiriniň habar bermegine görä, bu barada diplomatiki çeşmeler mälim etdiler.
Diplomatlaryň beren maglumatlaryna görä, Howpsuzlyk geňeşiniň agzalary entäk ylalaşyga gelip bilmediler. Şol sebäpli, Baş sekretar wezipesine dalaşgärleriň arasynda anyk öňdebaryjy häzirlikçe ýüze çykmaýar.
Çiliniň ozalky Prezidenti Mişel Baçelet 20-nji sentýabrda BMG-niň Baş sekretary wezipesine saýlanmak ugrundaky kampaniýasyny bes edýändigini mälim etdi. Bu beýanat BMG-de 18-nji sentýabrda geçirilen ses berişligiň netijeleri mälim edilenden soň belli boldy. Şol netijelere görä, BMG-niň Baş sekretary wezipesi ugrundaky bäsleşikde bäş zenan we üç erkek adam galýar.
BMG-niň Tertipnamasyna laýyklykda, Howpsuzlyk geňeşi Baş sekretar wezipesine dalaşgärlik boýunça Baş Assambleýa teklip hödürleýär. Baş Assambleýa bolsa degişli kararnama esasynda bäş ýyllyk möhlet bilen saýlanýan Baş sekretary wezipä belleýär.
Ýeri gelende belläp geçsek, BMG-niň häzirki Baş sekretary Antoniu Guterrişiň ygtyýarlylyk möhleti şu ýylyň 31-nji dekabrynda tamamlanýar.
PDF








