Dilleri lingwistika (dil bilimi) öwrenýär. Diliň gelip çykyşy hakynda birnäçe çaklamalar bar, ýöne diliň gelip çykyşy biziň döwrümizden has uzakdalygy sebäpli haýsydyr bir subutnamalar bilen tassyklanyp bilinmez. Olar çaklamalygyna galýar. Adamlar gadymdan bäri Ýerde nädip köp sanly dilleriň ýüze çykanlygy baradaky mesele bilen gyzyklanýarlar. Alymlaryň käbirisi olaryň ählisiniň umumy kökleriniň birdigini aýtsa, käbirleri dilleriň ozaldan birnäçe özbaşdak ýerlerde ýüze çykandygyny öňe sürýärler.
Dilçiler dilleriň garyndaşlygyny anykladylar we olary diller maşgalasyna böldüler. Olaryň aýtmagyna görä, dil birligi 5-10 müň ýyl mundan ozal aradan aýrylyp, maşgalalara bölünipdir. Şeýlelikde, barlag geçirijiler dilleriň has irki döwürden gaýdýan genetiki garyndaşlygyny anyklamaga çalşypdyrlar.
Häzirki wagtda dünýäde 7099 dil bar. Dünýäde her üçünji dil ýitip gitmek howpy bilen ýüzbe-ýüz durýar. Eger-de dili ulanýanlaryň sany 1000 adamdan geçmese, ol “ölmek” bilen bolýar. Ýeriň ilatynyň ýaryndan gowragy diňe 23 dilde gürleýär. Ýer togalagynyň 86 göterim ilaty awstroaziýa we ýewropa dillerinde gürleýär. Papua Täze Gwineýada 840 dilde gepleşilip, ol bütin Ýewropada gürlenýän dillerden iki esse köpdür.
Dünýäde iň giňden ýaýran dilleriň biri bolsa, hytaý dilidir. Ony 1 milliard 284 million adam öz ene dili hasaplaýar. Ikinji ýerde ispan dili bolup, onda 437 million adam gürleýär. Liderligiň üçlügine iňlis dili girip, onda 372 million adam gürleýär. Rus dili sekizinji hatary eýeläp, onda 154 million adam gürleýär. Şeýle hem diňe 6 dil halkara hukuk ýagdaýyna eýe bolup, söwda, ylym, halkara syýasaty we diplomatiýasy we beýleki ugurlarda dürli ýurtlaryň wekilleri tarapyndan giňden ulanylýar.
Dil hakda aýdylan paýhasly setirler:
Diliň taryhy şol dilde gürleýän halkyň taryhy bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.
Lew Tolstoý.
Dilde tutuş nesliň asyrlara barabar zähmeti ýatandyr.
Wladimir Iwanowiç Dal.
Taýýarlan Serdar Begmyradow,
S. A. Nyýazow adyndaky TOHU-nyň talyby.