“Kottej” sözi iňlis dilinden geçip, bir-iki gatdan uly bolmadyk jaýa aýdylýar. Bu sözüň düýp köki “Oba zähmetkeşiniň öýi” diýen manyny berýär. Kottejler orta asyrlarda daşyna haýat aýlanan uly bolmadyk öýlerden ybarat bolupdyr. XVIII asyrda gurluşyk işleriniň okgunly ösmegi hünärmentler üçin niýetlenen kottejleriň ýüze çykmagynyň başlangyjy bolupdyr. Ilkinji kottejler Angliýada döränden soňra, olar Awstraliýa, Täze Zelandiýa, ABŞ, Günorta Afrika Respublikasy we Kanada ýaly ýurtlarda hem ýüze çykyp ugraýar. Dürli ýurtlarda dürli maksatlar bilen ulanylan kottejler XIX asyryň ahyrlarynda XX asyryň başlarynda Russiýada hem gurlup başlanýar.
Häzirki zaman kottejleriniň gurluşygy, häzirki döwrümiziň ösen gurluşyk tehnologiýasy bilen gönüden göni baglanyşyklydyr. Olaryň iň ýörgünlisi bolsa, häzirki zaman gurluşyk materiallary ulanylýan “haý-tek” usulyndaky gurlan kottejlerdir. Eger-de kottejleriň mansarda diýlip atlandyrylýan üçekleri bar bolsa, olar has göze gelüwli bolup, kottejleriň yşgalaňlylygyny artdyrýar.
Mansarda üçegi çen bilen 350 ýyl mundan ozal binagärlikde maksadalaýyklygy üçin uly waka hökmünde ýüze çykypdyr. Mansardanyň peýda bolmagy XVII asyryň belli fransuz binagäri Fransua Mansardyň (1598-1666) ady bilen gös-göni baglanyşyklydyr. XVII asyryň ortalarynda fransuz koroly Lýudowik XIV Parižiň taryhy we merkezi bölegindäki binalaryň üstünden goşmaça gat gurmagy gadagan edipdir. Ýöne fransuz paýtagtynyň merkezinde ýer ýyl-ýyldan gymmatlap ugrapdyr we sözi geçýän hojaýynlar monarhy ýaşaýyş jaýynyň üçegini başgaça gurmagyň asla üstünden jaý gurmagy aňlatmaýandygyna ynandyrypdyrlar. Olar nusga hökmünde Fransua Mansard tarapyndan 1635-nji ýylda durky täzelenen üçegi görkezipdirler.
Şeýlelikde, eýýäm şol döwürlerde hem kanuny nukdaýnazardan mansardalar jaýyň gaty hasaplanman, ýaşaýyş häsiýetli üçek hasaplanypdyr. Şu günki günde olar has-da kämilleşip amaly taýdan talaba laýyk ýaşaýyş jaýyna meňzeýärler. Mansardyň tagallasy bilen mansardalar dünýäniň ähli ýurtlarynda esasan hem, Ýewropada we Amerikada uly ähmiýete eýe bolup başlapdyr. Mansardalar Russiýa XVIII asyrda Sankt-Peterburgda fransuz usulyýetinde jaýlar gurlup ugranda getirilýär. Şu günki günde mansardalar ähli babatda has-da kämilleşip, ýaşaýyş maksady bilen hem ulanylýar.
Taýýarlan Kadyrguly Hasanow,
TDY we DI-niň mugallymy.