UEFA Çempionlar Ligasynda ýarym finalyň beýleki duşuşygy hem Germaniýada geçirildi. Dortmund şäherinde ýerli “Borussiýa” bilen PSŽ-niň arasyndaky oýunda ýeke gol derwezä girizildi. Şol goly-da nemes klubunyň hüjümçisi Niklas Füllkrug oýnuň 36-njy minutynda öz adyna ýazdyrdy. Soňky ýyllaryň iň çekeleşikli we gyzykly geçen oýnunda iki tarap hem birnäçe amatly pursatlardan ýerlikli peýdalanyp bilmedi. “Borussiýadan” Sabitser, Adeýemi, Brandt, PSŽ-den Mbappe, Hakimi, Dembele, Fabian Ruiz ýaly oýunçylara örän amatly pursatlarda topy tora ýollamak başartmady. Esasanam hem bir pursatda ilki Mbappeniň, soňra Hakiminiň urgulary sütünden yzyna gaýtdy. Şunlukda, “Borussiýa Dortmund” 1-0 hasabynda ýeňiş gazanyp, finala çykmak üçin az hem bolsa artykmaçlyk bilen Pariže barar. Jogap duşuşygy geljek hepdäniň sişenbe güni (7-nji maýda) Parižde oýnalar.