Lebabyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly-drama teatryň döredijilik topary üstümizdäki ýylymyzyň şygary we Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli häzirki günlerde akyldar şahyrymyzyň ýaşlyk ýyllaryny öz içine alýan «Magtymguly, düşdüň yşkyň güzerne» atly täze spektaklyň üstünde işleýär.
Teatrda döredijilikli gözleglerden soňra Türkmenistanyň halk ýazyjysy Nobatguly Rejebowyň «Magtymguly» romanynyň üstünde durlupdyr we bu eser bilen birlikde dürli çeşmeler ilik-düwme öwrenilipdir. Belli bir netijä gelnenden soňra bolsa, bu romanyň äheňi teatryň režissýory Perhat Hudaýberenow tarapyndan «sahna diline» geçirilipdir. Häzirki wagtda tejribeli we zehinli ýaş aktýorlaryň gatnaşmaklarynda teatryň sahnasynda taýýarlyk işleri gyzgalaňly alnyp barylýar.
Täze eserde Magtymguly Pyragynyň ýetginjeklik döwründe Hakyň ýoluna, çuňluga, kämillige ymtylyş döwri, düýşünde erenlerden pata alyp, şygryýetiň ylahy ýoluna düşen halatlary, şeýle hem Meňli gyza bolan ataşly söýgüsi beýan edilýär. Beýik şahyryň pederi hem-de ilkinji halypasy Döwletmämmet Azadynyň oglunda bolýan täsin ahwalatlara, arşy zehinine göz ýetirmegi, onuň ylym älemine, Gündogaryň meşhur şahyrlarynyň edebi dünýäsine aralaşmagy üçin edýän aladalary, Magtymgulynyň ejesi Orazgülüň, Azadynyň dosty Selim Magtymyň bu babatda Döwletmämmet Azady bilen pikirdeş bolup, berýän goldawlary gyzykly we gapma-garşylykly wakalaryň üsti bilen täsirli beýan edilýär. Spektaklda Magtymgulynyň ylahy zehininiň ylahy söýgi bilen utgaşmagy, ykbalyň öňde goýan gapma-garşylyklary zehini gursagyna sygmaýan ýaş ýigidiň kalbynda adamzat, pelek, yşk, hak we nähak baradaky dünýewi garaýyşlary, halallyk, ynsanperwerlik, merdi-merdanalyk, Watan, ene toprak baradaky pelsepewi pikirleri oýarýar.
Çeşme: medeniyet.gov.tm