Ha­sap ýö­ret­mek ir­ki dö­wür­ler­de ýü­ze çy­kyp, şol wagtlar Ga­dy­my Mü­sür­de, Rim­de we Hy­taý­da dür­li gör­nüş­li ka­len­dar­lar bo­lup­dyr. Gün­do­gar­da Aýyň Ýe­riň da­şyn­dan aý­lan­ma­gy­na esas­la­nyp, hij­ri-ka­ma­ry ýyl se­ne­na­ma­sy ýö­re­di­len bol­sa, Gün­ba­tar­da Ýe­riň Gü­nüň da­şyn­dan aý­lan­ma­gy­na esas­lan­ýan Gri­gor­ýan se­ne­na­ma­sy ula­ny­lyp­dyr. Bu se­ne­na­ma­lar bi­ri-bi­ri­ne meň­zeş hem bol­sa, hep­de­le­riň bö­lü­ni­şi, aý­lar ba­bat­da ta­pa­wut­la­nyp­dyr. Aý we Gün se­ne­na­ma­la­ryn­dan baş­ga-da, Rim, Ge­zer, Ber­ber, Je­la­li se­ne­na­ma­sy ýa­ly ýyl ha­sap­la­ry hem dür­li halk­lar­da ýör­gün­li bo­lup­dyr.
Ka­len­da­ryň ösü­şi we kä­mil­leş­me­gi Ga­dy­my Mü­sür si­wi­li­za­si­ýa­syn­dan göz­baş al­ýar. Mü­sür­li­leriň iň ga­dy­my se­ne­na­ma­syn­da ýyl 3 möw­sü­me – ýa­gyş ýag­ma­sy (suw joş­ma­sy), ekin ekiş we ha­syl ýyg­na­mak möw­süm­le­ri­ne bö­lü­nip­dir. Mü­sür­li­ler­den soň wa­wi­lon­ly­lar hem her aýy 29,5 gün­lük, kä­te 1 gün gys­gal­ýan 354 gün­lük se­ne­na­ma­ny iş­läp düz­ýär­ler. Hä­zir­ki za­man se­ne­na­ma­nyň düý­bi mi­la­dy­dan öň­ki 46-njy ýyl­da Ýu­liý Se­zar ta­ra­pyn­dan taý­ýar­lan­ýar we ula­ny­şa gi­ri­zil­ýär. Ýu­li­ýan se­ne­na­ma­sy at­ly bu ka­len­da­ry im­pe­ra­tor Aw­gust mi­la­dy­dan öň­ki VIII asyr­da gaý­ta­dan iş­läp düz­ýär we kä­mil­leş­dir­ýär. Şeý­le­lik­de, mi­la­dy se­ne­na­ma­sy 12 aýa bö­lü­nip, her­si­ne mah­sus at go­ýul­ýar. Mi­la­dy aý­la­ry­nyň nä­me üçin ýan­war, few­ral, mart… diý­lip at­lan­dy­ry­lan­dy­gy ba­ra­da pi­kir edip gör­dü­ňiz­mi? Ge­liň, hä­zir­ki wagt­da ulan­ýan ýyl ha­sa­by­myz­da­ky aý at­la­ry­nyň ma­ny­sy bi­len ta­nyş bo­la­lyň!
Ýan­war. Mi­la­dy ýyl ha­sa­byn­da 1-nji aýyň ady rim­li­le­riň hu­da­ýy Usa­nu­syň adyn­dan ge­lip çyk­ýar. Ynan­ja gö­rä, Usa­nus hu­da­ýy­nyň ýü­zi bir­ba­da iki ta­ra­pa – sa­ga we çe­pe se­red­ýär­miş. Şol se­bäp­li 1-nji aýa ge­çen ýy­lyň gu­ta­ran­dy­gy­ny hem-de tä­ze ýy­lyň baş­la­nan­dy­gy­ny ala­mat­lan­dyr­ýan ýan­war diý­lip at goý­lup­dyr. Ýan­war sö­zi la­tyn­ça­dan «Ja­nua­ri­us men­sis» sö­zün­den ge­lip çy­kyp, «Usa­nus aýy» diý­me­gi aň­lad­ýar. Baş­ga­ça aý­dy­lan­da iki ta­ra­py gör­kez­ýän aý.
Few­ral. Ir­ki ýyl­lar­da «feb­rua­ri­us» diý­lip at­lan­dy­ry­lan ikin­ji aýyň ady rim däp-des­su­ryn­dan ge­lip çyk­ýar. Rim­li­ler ikin­ji aýyň 15-nji gü­nün­de «Aras­sa­çy­lyk baý­ram­çy­ly­gy­ny» ge­çi­rip­dir­ler. Bu baý­ram­da ula­nyl­ýan ma­ta­dan edi­len aras­sa­çy­lyk es­gi­le­ri­ne «feb­rua» di­ýil­ýän eken. Bu söz Rim hu­da­ýy Feb­ruu­syň adyn­dan ge­lip çy­kyp, soň­lu­gy bi­len few­ral gör­nü­şin­de ikin­ji aýyň ady­na da­ky­lyp­dyr.
Mart. Üçün­ji aýyň ady köp dil­ler­de meň­zeş bo­lup, ne­mes di­lin­de märz, fran­suz­ça­da mars, is­pan di­lin­de mar­zo, ni­der­land­lar­da maart diý­lip at­lan­dy­ryl­ýar. Mart sö­zü­niň umu­my ma­ny­sy rim­li­le­riň uruş Hu­da­ýy Mar­ti­ýu­syň adyn­dan ge­lip çyk­ýar. Mart aýy la­tyn­ça­da «Mar­ti­us men­sis» bo­lup, öl­dü­ri­ji diý­me­gi aň­lad­ýar.
Ap­rel. La­tyn­ça «ape­ri­re» sö­zün­den ge­lip çyk­ýan ap­rel aýy «aç­mak üçin» di­ýen ma­ny­ny aň­lad­ýar. Bu aý agaç­la­ryň ýap­rak we gül aç­ýan­dy­gy se­bäp­li şeý­le at­lan­dy­ry­lyp­dyr. Grek di­lin­de ap­rel aýy ap­ril­li­us diý­lip at­lan­dy­ry­lyp, gö­zel­li­giň hu­da­ýy Af­ro­di­tanyň adyn­dan ge­lip çyk­ýar.
Maý. Bu aýyň ady hem rim­li­ler­den ge­lip çy­kyp, ýa­gyş hu­da­ýy Ma­ýa­nyň ady bi­len bag­la­nyş­dy­ryl­ýar. Ma­ýa ha­syl­ly­ly­gyň we ösüm­lik­le­riň ös­me­gi­niň hu­da­ýy hök­mün­de hem gör­lüp­dir. La­tyn­ça bu aýyň ady «Maius me­ne­lis» bo­lup, «Ma­ýa­nyň ady» diý­me­gi aň­lad­ýar.
Iýun. Fran­suz­ça «Ju­in», iň­lis­çe­de «Ju­ni­us», la­tyn­ça «Ju­ni­us men­sis» diý­lip at­lan­dy­ryl­ýan 6-njy aýyň ady rim­li­le­riň dog­luş bi­len bag­la­ny­şyk­ly hu­da­ýy, ýaş­ly­gy ala­mat­lan­dyr­ýan Ju­no­nyň adyn­dan ge­lip çyk­ýar.
Iýul. Iň­lis di­lin­de «Ju­lie», la­tyn­ça­da «Ju­li­us» di­ýil­ýän 7-nji aýyň ady Rim im­pe­ra­to­ry Ýu­liý Se­za­ryň hor­ma­ty­na iýul diý­lip at­lan­dy­ry­lyp­dyr. «Örän ys­sy, ot, alaw» di­ýen ma­ny­la­ry ber­ýän bu aý ekin­le­riň ýe­tiş­ýän möw­sü­mi ha­sap­la­nyp­dyr.
Aw­gust. La­tyn­ça­da «Aw­gus­tus men­sis» di­ýil­ýän tom­suň soň­ky aýy­nyň ady «au­ge­re» sö­zün­den ge­lip çy­kyp, «kö­pelt­mek, ös­mek, beý­gelt­mek» di­ýen ma­ny­la­ry aň­lad­ýar. Aw­gust aýy Ri­miň ikin­ji im­pe­ra­to­ry Se­zar Aw­gus­tyň ady­ny gö­ter­ýär. Aw­gus­tyň dog­lan aýy okt­ýabr bol­sa-da, bu aýa onuň ady da­kyl­ýar. Şeý­le hem Ýu­liý Se­za­ryň we Aw­gus­tyň wes­ýe­ti­ne gö­rä, iýul hem-de aw­gust aý­la­ry 31 gün­den dü­zül­ýär.
Sent­ýabr. Sent­ýabr la­tyn­ça­da «ýe­di» diý­me­gi aň­lad­ýar. Sent­ýabr as­ly af­ri­ka­ly Rim im­pe­ra­to­ry Sep­ti­miý Se­we­riň ady bi­len bag­ly bo­lup, bu aýyň ma­ny­sy kä­bir çeş­me­ler­de «ha­syl ýyg­nal­ýan möw­süm» diý­me­gi hem aň­lad­ýar. Bel­läp geç­sek, ozal­ky se­ne­na­ma­la­ryň kö­pü­sin­de, şol sanda Rim se­ne­na­ma­syn­da hem ýyl mart aýyn­dan baş­lan­ýar. Rim­li­ler­de ýy­lyň ba­şy mart, ýag­ny ýaz pas­ly ha­sap­lan­ýar. Şun­dan ugur al­sak, sent­ýabr 7-nji aý bol­ýar.
Okt­ýabr. Iň­lis­çe «ok­to» sö­zün­den ge­lip çyk­ýan okt­ýabr «se­kiz» diý­me­gi aň­lad­ýar. Okt­ýabr Rim se­ne­na­ma­sy­nyň 8-nji aýy­nyň ady­dyr.
No­ýabr. La­tyn­ça­da «Nover­ber» di­ýil­ýän bu aýyň ma­ny­sy «bö­lü­ji» diý­me­gi aň­lad­ýar. Şol dö­wür­ler şol aý­da bo­lan uruş­lar­dan soň, kä­bir se­bit­le­riň ikä bö­lü­nen­di­gi üçin, mi­la­dy ýyl ha­sa­by­nyň 11-nji aýy­nyň no­ýabr diý­lip da­ky­lan­dy­gy bel­le­nil­ýär.
De­kabr. La­tyn­ça «de­kon» diý­len söz­den ge­lip çy­kan de­kabr aýy «on» diý­me­gi aň­lad­ýar. Ýy­lyň jem­leý­ji aýy Rim se­ne­na­ma­syn­da 10-njy aý hök­mün­de bel­li­dir.