Soň­ky ýyllarda gündelik durmuşda ulanylýan sa­ýa­wan­la­r has-da kä­mil­leş­di­ri­lýär. Her biri­ öz aý­ra­tyn­lyk­la­ry bilen tapawutlanýan saýawanlar baş­ga ýer­de unut­maz­lyk üçin has kämil enjamlar bilen enjamlaşdyrylýar. “Blue­tooth”-y telefona bag­la­nan sa­ýa­wan­lar, unu­dy­la­ýan halatynda özboluşly duýduryş yşaratlaryny berýär.
“Air Shield Umb­rel­la” sa­ýa­wa­ny bu ugurda özüniň artykmaçlygy bilen tapawutlanýar. Öz­bo­luş­ly gurluşy bi­len gö­ren­le­ri haý­ran ed­ýän “akyl­ly” sa­ýa­wan, sa­pyn­da­ky howa berijiniň kö­me­gi bi­len bir­nä­çe se­kunt­da açyl­ýar. Ma­ta­sy­nyň dury bolanlygy üçin daş-tö­we­re­gi ar­ka­ýyn gö­rüp hem saý­ga­ryp bol­ýar. Şemally howalarda ter­si­ne öw­rül­me­ýän sa­ýa­wa­nyň üst­ki bö­le­gi­ne ýer­leş­di­ri­len LED çyralary­nyň kö­me­gi bi­len gi­je­le­ri­ne hem ulan­mak müm­kin­çi­li­gi bar. Ýo­kar­ky ta­ra­pyn­da ho­wa çy­ky­şy bo­lup, ýo­ka­ry hil­li önüm­ler­den taý­ýar­la­nan bu tä­sin sa­ýa­wa­nyň ba­ha­sy ba­ra­da he­niz mag­lu­mat be­ril­meýär.