Ha­la­ma­ýan en­dik­le­ri­mi­zi taş­la­mak we özü­mi­zi kä­mil­leşdir­mek is­le­sek-de, köp­lenç öz-özü­mi­zi ter­bi­ýe­le­me­gi yza süý­şür­ýä­ris. Şeý­le hem me­ýil­leş­dir­ýän et­sem-pet­sem­le­ri­mi­zi şu gün et­män, er­ti­re goý­ýa­rys. Er­ti­riň hem bir ba­ha­na­sy ta­py­lyp, edil­me­li iş­ler soň­ky gün­le­re gal­ýar. Kä­te dos­tu­myz ýa-da jo­ra­myz bi­len çaý ba­şyn­da di­dar­laş­mak üçin wagt bel­leş­ýä­ris, em­ma oňa-da gi­jä gal­ýa­rys. Kä­te bol­sa, öý­den çy­kyp, how­lu­gyp du­ral­ga gel­ýä­ris, ýö­ne bu ge­zek hem aw­to­bu­sa ýe­tiş­meýäris. Umu­man, köp­lenç ha­lat­da en­di­ge öw­rü­lip gi­den gi­jä gal­mak­ly­gyň se­bä­bi nä­me? Nä­me üçin et­me­li zat­la­ry­my­zy yza süý­şü­rip, tä­ze zat­la­ry öw­ren­mek­de, bir işi ýe­ri­ne ýe­tir­mek­de gi­jä gal­ýa­rys?
Hä­zir­ki dö­wür­de köp adam­da gi­jä gal­mak do­wam­ly me­se­le ýa­ly bo­lup gö­rün­ýär. Mu­nuň bir­nä­çe se­bä­bi bo­lup, esa­san, bio­lo­gik ýag­daý­lar we durmuş en­dik­leri bi­len bag­la­nyş­dy­ryl­ýar. Bi­ler­men­ler gi­jä gal­ýan adam­la­ryň duý­gu­la­ry­ny do­lan­dyr­mak­da we düz­gün­leş­dir­mek­de do­wam­ly kyn­çy­lyk çek­ýän­dik­le­ri­ni aýd­ýar­lar.
Gi­jä gal­ma­gyň esa­sy se­bäp­le­ri­niň ara­syn­da her bir ada­myň wag­ty ula­nyp bi­liş ýag­da­ýy hem bar. Köp­ler wag­ty tyg­şyt­ly hem-de me­ýil­na­ma­la­ýyn ulan­ýan bol­sa, köp­ler sa­ga­da se­ret­me­ýär. Köp­ler wag­ty­ny bi­sar­pa ge­çi­rip, ze­rur zat­lar üçin wagt aýyr­ma­ýar. Şeý­le­lik­de, gym­mat­ly wag­ty­ny ýele so­wur­ma­gy gi­jä gal­ma­gy­na se­bäp bol­ýar. Bi­ler­men­le­riň bel­le­me­gi­ne gö­rä, me­ýil­na­ma bo­ýun­ça et­me­li iş­le­riň bi­ri­ne gi­jä gal­saň, beý­le­ki­ler hem yza süýş­ýär. Şeý­le­lik­de, bu gün­ki iş­ler er­ti­re, er­tir­ki iş­ler biri­gü­ne, bu hep­de ýe­ri­ne ýe­tir­mek is­län zat­la­ry­myz in­di­ki hep­dä, soň­ra aý­la­ra we ýyl­la­ra çen­li uza­ýar. My­sal üçin, 11 ýa­şy­myz­da iň­lis di­li­ni öw­ren­mek ka­ra­ry­na ge­len bol­sak, bu ka­ra­ry­myz yza-yza süý­şüp, 25 ýa­şa, bel­ki-de 30 ýa­şa ge­lip bi­ler.
Kä­bir adam­da gi­jä gal­mak he­re­ke­ti­niň ha­ýal­ly­gy bi­len bag­ly bo­lup, gys­sag­ly ýag­daý­lar­da hem öz­le­ri­ni er­kin alyp bar­ýar­lar. Ha­ýal he­re­ket­li adam­lar gi­jä gal­ma­gy öz­le­ri­niň la­ýyk wag­ty ha­sap­la­ýar­lar.
Kä­bir yn­san­lar­da gi­jä gal­mak en­di­gi do­ga­bit­di bol­ýar. Ýag­ny ola­ryň beý­ni­sin­de «wagt öý­jük­le­ri» diý­lip at­lan­dy­ryl­ýan gip­po­kamp neý­ron­la­ry ýat­keş­lik bi­len bag­ly ha­dy­sa­la­ry ka­bul et­me­ýär. Şol se­bäp­li bu adam­lar köp­lenç bar­ma­ly wag­ty­ny ýat­dan çy­kar­ýar­lar.
Umu­man, gi­jä gal­mak we yza süý­şür­mek en­di­gi ada­myň sag­lyk ýag­da­ýy, ýat­keş­li­gi we bi­per­waý­ly­gy bi­len bag­ly ýag­daý ha­sap­lan­ýar. Gi­jä gal­mak ki­çi­jik se­bäp­ler­den top­la­nyp, uly bök­denç­li­ge ge­ti­rip bi­ler. Bi­ler­men­ler wag­ty tyg­şyt­ly ula­nyp, bir işe er­jel çe­me­leş­me­gi, ýat­dan çyk­ma­gy müm­kin bo­lan mö­hüm zat­la­ry bel­lik edil­ýän ka­gy­za ýa-da te­le­fo­nyň ýat­la­dy­jy­sy­na bel­läp goý­ma­gy, sa­gat da­kyn­ma­gy hem-de äh­li za­dy öz wag­tyn­da ýe­ri­ne ýe­tir­me­gi mas­la­hat ber­ýär­ler.