Köpimiziň iň ýakyn çagalyk dostumyz bolan güjüjekler dürli oýunlary edip, daş-töwerekdäkilere hezil berýärler. Wepaly dostumyzyň uzaga zyňan taýajygymyzy dişläp getirmegi, welosiped sürýän wagtymyz «haw-hawlap» yzymyzdan ylgamagy şatlykly pursatlary döredýär. Kiçijikdigine garamazdan güjügimiziň edermen bolmagyny isläp, Gaplaň, Basar, Aždar, Böwser, Ýolbars ýaly atlary dakýarys. Eýsem, siz aýdanyňa düşünýän, diýleni edýän itiňiziň täsin hereketleri barada gyzyklanyp gördüňizmi?
Itleriň syrly häsiýetlerinden biri bolan kellesini gapdala egmek endigi adamlarda köp ýyllardan bäri gyzyklanma döredýär. Itler, köplenç adamy diňlänlerinde ýa-da daş-töwereginden gelýän sesi eşidenlerinde kellesini bir tarapa gyşardýarlar. It saklaýanlar bu täsin endigiň sebäbine düşünmek isleýärler. Eýsem, itler kellesini näme sebäpden bir gapdala egýärkä?!
Itleriň häsiýetini öwrenmek maksady bilen geçirilen barlaglara salpy gulaklylaryň 600 töweregi gatnaşdyrylyp, ýerine ýetirýän hereketlerine gözegçilik edildi. Barlaglaryň netijesinde itleriň 71 göteriminiň kellesini bir tarapa egýändigi ýüze çykaryldy. Barlagyň dowamynda itler nätanyş sesleri eşidenlerinde kellesini bir tarapa gyşardyp, geň görýän ýaly seredipdirler. Alymlaryň bellemegine görä, itleriň salparyp duran uzyn gulagy ses perdelerini ýapyp, has anyk diňşirgemegine päsgelçilik berýär. Şol sebäpli itler sesleri saýgarmak üçin kellesini gyşardyp, gulagyny doly açyp seredip durýarlar.
Itler ses haýsy tarapdan gelýän bolsa, şol tarapa kellesini gyşardyp, sesi aňşyrmak isleýärler. Salpy gulaklylaryň kellesini saga ýa-da çepe egmegi, olaryň haýsy gulagynyň has gowy eşidýändigi bilen hem baglydyr.
Ýene bir barlagda itleriň kellesini egmek hereketiniň aýdylan sözlere düşünmek ukyby bilen baglydygy ýüze çykaryldy. Barlagda itler öz hojaýyny bilen meýdança çykarylypdyr. Eýeleri 10 dürli oýnawajy aňyrraga zyňyp, itine getirmegi buýrupdyr. Şonda gepe düşünmedik itleriň köpüsi uzak wagtlap kellesini bir tarapa egip, eýesine seredip durupdyr. 10-dan gowrak oýnawajyň adyny ýatdan bilýän itler bolsa, eýesine bada-bat düşünip, oýnawajy getirmek üçin ylgap gidipdir.
Umuman, alymlar itleriň bu endiginiň iki şert bilen – uzakdaky sesi eşitmek hem-de aýdylanlara düşünmek bilen baglanyşyklydygyna ünsi çekýärler.