ABŞ-nyň ýük ulaglaryny öndürýän “Ford” kompaniýasynyň Braziliýadaky şahamçasy GTB mahabat şereketi bilen bilelikde 60 ýyllyk ýubileý toýuna gabatlap, özboluşly papak öndürdi. Daşky görnüşi boýunça adaty papaklara meňzeýän bu baş gaby kämil tehnologiýa enjamlary bilen enjamlaşdyryldy.
Papakda ýerleşdirilen daş-töwerekdäki hereketlere duýgur, adam bedenindäki üýtgeşmeleri anyklaýan enjam, esasan hem, sürüjiniň beýnisiniň ýagdaýyny gözegçilikde saklaýar. Ol awtoulagyň hereket edýän wagtynda sürüjiniň ukusynyň gelendigini anyklan ýagdaýynda, ses çykarmak ýa-da titremek arkaly duýduryş bermäge başlaýar. Sürüjiler üçin niýetlenen bu kämil tehnologiýa enjamlary ýüze çykyp biläýjek ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almakda uly ähmiýete eýe bolar.