Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Galkynyşy döw­rün­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miziň taý­syz ta­gal­la­sy ne­ti­je­sin­de eziz Wa­ta­ny­my­zyň me­de­ni­ýe­ti düýp­li esas­da öw­re­nil­ýär. Ga­dy­my dö­wür­ler­den bä­ri türk­men me­de­ni­ýe­ti çe­per se­net­le­riň ösü­şin­dä­ki naý­ba­şy esas­la­ry özün­de jem­läp­dir. Türk­men hal­ky­nyň däp-des­sur­la­ry­ny, urp-adat­la­ry­ny my­na­syp şöh­le­len­dir­ýän mil­li di­zaýn sun­ga­ty­myz mu­nuň aý­dyň my­sa­ly­dyr. Türk­men hal­ky­ny tu­tuş Ýer ýü­zü­ne şöh­rat­lan­dy­ran bu sun­ga­tyň äh­mi­ýe­ti döw­let hem hal­ka­ra de­re­je­sin­de ju­da wa­jyp­dyr. Bu ba­bat­da Türk­me­nis­ta­nyň Di­zaý­ner­ler bir­le­şi­gi­niň alyp bar­ýan giň ge­rim­li iş­le­ri bel­len­mä­ge my­na­syp­dyr.
Di­zaýn sun­ga­ty dün­ýä ta­ry­hy­nyň äh­li sa­hy­pa­la­ryn­dan eriş-ar­gaç bo­lup geç­ýär. Adam­zat jem­gy­ýe­ti­niň dö­re­me­gi bi­len, ga­dy­my dö­wür­ler­den baş­lap adam­za­dyň ýa­şaý­şy­nyň äh­li şert­le­rin­de şe­kil­len­di­riş sun­ga­ty­nyň bu gör­nü­şi ula­ny­lyp ge­lin­ýär. Şeý­le­lik­de, di­zaýn adam­zat dur­mu­şy­nyň aý­ryl­maz bö­le­gi­ne öw­rül­di.
XXI asyr­da adam­zat ýa­şaý­şy­nyň dün­ýä­niň adam­zat jem­gy­ýe­ti­niň köp­ta­rap­la­ýyn ösü­şi­ne iň köp ula­nyl­ýan söz­le­riň bi­ri «di­zaýn» sö­zi bo­lup dur­ýar. Onuň se­bä­bi dur­muş­da ula­nyl­ýan iň ýö­ne­keý zat­lar­dan baş­lap, daş­ky gur­şaw­da, iş ýe­rin­de, öý­de ula­nyl­ýan, önüm­çi­lik­de ön­dü­ri­len ýo­ka­ry hil­li di­zaýn önüm­le­ri bo­lup dur­ýar.
Uzak ýyl­la­ryň do­wa­myn­da sun­ga­tyň bu gör­nü­şi­ni di­zaýn sö­zü­ni ulan­man, ol önüm­le­ri di­ňe «be­zeg» ýa-da «teh­ni­ka­nyň es­te­ti­ka­sy», çe­per konst­ru­ir­le­mek, «önüm­çi­lik sun­ga­ty», «se­na­gat sun­ga­ty» ýa­ly söz­le­ri ula­nyp aň­lat­mak is­läp­dir­ler. Em­ma ol söz­le­riň hiç bi­ri­si hem sun­ga­tyň bu gör­nü­şi­ni sö­züň do­ly ma­ny­syn­da aň­la­dyp bil­män­dir. Ýö­ne hä­zir­ki za­man yl­myn­da «di­zaýn» sö­zü­ni iň­lis di­lin­den ter­ji­me edi­len ýag­da­ýyn­da «tas­la­ma» ýa-da «pro­ýek­tir­le­mek, tas­la­ma­laş­dyr­mak» ýa­ly ma­ny­la­ry aň­lad­ýar. Mä­lim bol­şy ýa­ly, iň­lis di­lin­de bu söz hem at, hem iş­lik hök­mün­de ula­nyl­ýar. Şol esas­da hem, ol hem baş­la­ma­gy, hem-de ta­mam­la­ma­gy, işiň do­wam­ly­ly­gy­ny we ahyr­ky önü­mi aň­lad­ýar.
Bi­ziň döw­rü­miz­de di­zaýn – öz­baş­dak dö­re­di­ji­lik işi bol­mak bi­len, aý­ry-aý­ry şah­sy­ýet­le­riň dö­re­di­ji­lik hy­ju­wy di­zaýn sun­ga­ty­nyň çeş­me­si bo­lup hyz­mat ed­ýär. Di­zaý­nyň düýp öze­ni­ne dü­şün­mek şe­kil bi­len maz­mu­nyň ýe­ri­ne ýe­tir­ýän we­zi­pe­si­ne göz ýe­tir­me­gi, ga­ly­ber­se-de, di­zaýn sun­ga­ty­nyň tes­wir, pi­kir, nuk­daý­na­zar we jem­gy­ýet­çi­lik jo­gap­kär­çi­li­gi­di­gi­ne hem dü­şün­me­gi aň­lad­ýar.
Ýur­du­myz ta­ra­pyn­dan kö­mek be­ril­me­gi esa­syn­da, dür­li kär­ler­de iş­läp ýö­ren di­zaý­ner­le­riň, bi­na­gär­le­riň we su­rat­keş­le­riň ara­syn­da gu­ra­ma­çy­lyk iş­le­ri ge­çi­ril­ýär. 1988-nji ýyl­da Türk­me­nis­ta­nyň Di­zaý­ner­ler bir­le­şi­gi­niň gu­rul­ta­ýy geçirilýär. Ol gu­rul­taý­da bir­le­şi­giň düz­gün­na­ma­sy tas­syk­lan­dy hem-de Di­zaý­ner­ler bir­le­şi­gi­niň praw­le­ni­ýesi saý­lan­dy. Şol bir­le­şi­giň il­kin­ji ag­za­sy, meş­hur türk­men di­zaý­ne­ri Ö.Mäm­met­nu­row bo­lup, Türk­me­nis­ta­nyň Di­zaý­ner­ler bir­le­şi­gi­niň baş­lyk­ly­gy­na saý­lan­ýar.
Hä­zir­ki wagt­da türk­men di­zaý­ner­le­ri dö­red­ýän di­zaýn eser­le­ri­ne daş­ky gö­zel­lik bi­len bir­lik­de, goş­ma­ça hä­si­ýet­le­ri hem siň­dir­ýär­ler. Hut di­zaý­ner­le­riň iş­le­rin­de her bir pred­me­te tö­we­rek­le­ýin we ul­gam­la­ýyn çe­me­leş­me­giň ma­ny­sy jem­len­ýär. Türk­me­nis­ta­nyň Di­zaý­ner­ler bir­le­şi­gi­niň tej­ri­be­li ag­za­la­ry şu gün­ler­de uly iş­le­ri dur­mu­şa ge­çir­ýär­ler. Şol se­bäp­li-de, türk­men hal­ky­ny tu­tuş Ýer ýü­zü­ne şöh­rat­lan­dy­ran bu sun­ga­tyň äh­mi­ýe­ti döw­let hem hal­ka­ra de­re­je­sin­de ju­da wa­jyp­dyr. Mu­ňa my­sal edip, Di­zaý­ner­ler bir­le­şi­gi­niň da­şa­ry ýurt­lar­da ge­çi­ril­ýän ser­gi­le­re we fes­ti­wal­la­ra gat­na­şyp, baý­rak­ly orun­la­ra my­na­syp bol­ýan­dyk­la­ry­ny gör­kez­mek bo­lar. Ýur­du­myz­da we da­şa­ry ýurt­lar­da di­zaýn sun­ga­ty bo­ýun­ça mil­li äheň­li ser­gi­le­riň yzy­gi­der­li gu­ral­ma­gy di­zaý­nyň iň go­wy nus­ga­la­ry­ny ýü­ze çy­kar­ýar. Ola­ryň ýe­ri­ne ýe­tir­ýän döw­re­bap ne­pis eser­le­ri ýo­ka­ry de­re­je­de ba­ha­lan­dy­ryl­ýar.

Se­lim RA­SU­LOW,
Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let çe­per­çi­lik aka­de­mi­ýa­sy­nyň ta­ly­by.