Ýur­du­my­zyň şy­pa­ha­na­la­ry hal­ky­my­zyň hyz­ma­tyn­da. Ýy­lyň do­wa­myn­da sy­pa­ha­na­lar­da sag­ly­gy­ňy­zy ber­ki­dip bi­ler­si­ňiz.
Sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­ni alyp ba­ryň, zy­ýan­ly en­dik­ler­den daş­da du­ruň, bu ba­bat­da ösüp gel­ýän ýaş ne­sil­le­re we ýet­gin­jek­le­re gö­rel­de bo­luň, gü­nüň do­wa­myn­da komp­ýu­ter­ler­, smart­fon­lar­ we plan­şet­ler­ bilen az wagt­lyk meş­gul­la­nyň.
Iş­jeň he­re­ket­de bo­lup, be­den­ter­bi­ýe we sport bi­len meş­gul­la­nyň.
Ýi­ti res­pi­ra­tor ýo­kanç ke­sel­le­riň öňü­ni al­mak üçin be­de­niň ke­se­le gar­şy dur­nuk­ly­lygy­ny ýo­kar­lan­dyr­mak mak­sa­dy bi­len, ka­da­ly we sag­dyn iý­mit­le­niň. Wi­ta­min­le­re baý bo­lan önüm­le­ri iýiň, aras­sa­çy­lyk düz­gün­le­ri­ni berk ber­jaý ediň, pas­la gö­rä geý­niň. An­ti­bio­tik der­man se­riş­de­le­ri­ni öz­baş­dak ulan­mak­dan sak­la­nyň, ke­sel­le­riň öňü­ni alyş san­jym­la­ry­ny öz wag­tyn­da alyň. Luk­man Ar­ka­da­gy­my­zyň bi­ze peş­geş be­ren «Türk­me­nis­ta­nyň der­man­lyk ösüm­lik­le­ri» at­ly köp jiltli yl­my-en­sik­lo­pe­di­k ki­ta­byn­da be­ýan edil­ýan it­bu­run, ço­pan­tel­pek, bu­ýa­nyň kö­ki ýa­ly der­man­lyk ösüm­lik­ler­den taý­ýar­la­nan mel­hem çaý­la­ry maş­ga­la luk­ma­ny bi­len mas­la­hat­la­şyp içiň. Ýi­ti res­pi­ra­tor ýo­kanç ke­se­li­niň il­kin­ji ala­mat­la­ry ýü­ze çy­kan ýag­da­ýyn­da hök­man maş­ga­la luk­ma­ny­na ýüz tu­tuň.
Gün şöh­le­si dog­ry peý­da­la­ny­lan­da be­den­de D wi­ta­mi­ni eme­le gel­ýär. Şo­nuň üçin Gün şöh­le­sin­den ýer­lik­li peý­da­la­nyň. To­mus pas­lyn­da bol­sa, ýag­ny, tom­suň jow­za­ly gün­le­rin­de Gü­nüň aşa ýi­ti şöh­le­sin­den go­ra­nyň.
6Iý­mit zä­her­len­me­le­riň öňü­ni al­mak mak­sa­dy bi­len, iý­mit önüm­le­ri­ne bil­di­ril­ýän ta­lap­la­ry dog­ry ber­jaý ediň, iý­mit­le­ri öý şert­le­rin­de ta­la­ba­la­ýyk sak­laň.
Ýü­rek-da­mar, dem alyş ýol­la­ry­nyň, howp­ly tä­ze dö­re­me­le­riň, en­dok­rin, nerw, iý­mit siň­di­riş, böw­rek we pe­şew çy­ka­ryş ul­ga­my­nyň, gö­r­şüň pe­sel­me­gi­niň, gu­lak, bu­run, bo­kur­dak, diş we agyz boş­lu­gy­nyň ke­sel­le­ri­niň öňü­ni al­mak üçin sag­lyk bar­lag­la­ryn­dan ge­çiň. Ge­çi­ril­ýän sag­lyk bar­lag­la­ry ke­sel­le­riň öňü­ni al­ma­ga gö­nük­di­ri­len iň mö­hüm çä­re­le­riň bi­ri bo­lup dur­ýar.
Ýe­riň mag­nit ha­dy­sa­sy­na we ho­wa­nyň üýt­gäp dur­ma­gy­na duý­gur adam­la­ryň, do­wam­ly we ýü­rek-da­mar, nerw ke­sel­ler­den ejir çek­ýän nä­sag­la­ryň ho­wa mag­lu­mat­la­ry­na we öz sag­ly­gy­na üns­li bol­ma­gy mas­la­hat be­ril­ýär. Ho­wa­nyň tä­si­ri bi­len sag­ly­gyň er­bet­leş­me­gi ýü­ze çy­kan­da hök­man maş­ga­la luk­ma­ny­na ýüz tu­tuň we luk­ma­nyň be­ren mas­la­ha­ty­ny do­ly we dog­ry ber­jaý ediň.
Ru­hy sag­dyn­ly­gy go­ra­mak üçin nerw dart­gyn­ly­gyn­dan ga­ça du­ruň.
Ýur­du­myz­da enä­niň we ça­ga­nyň sag­ly­gy­ny go­ra­mak bo­ýun­ça «Sag­dyn ene – sag­dyn ça­ga – sag­dyn gel­jek» at­ly Mil­li stra­te­gi­ýa­sy he­re­ket­de. Ça­ga­nyň sag­dyn we ka­da­ly ös­me­gi üçin ene süý­di örän peý­da­ly­dyr. Onuň dü­zü­min­de kör­pä­niň be­den we akyl taý­dan ka­da­ly ös­me­gi üçin ýo­kum­ly mad­da­lar bo­lup, ony hem­me­ta­rap­la­ýyn go­ra­ýan­dyr.
Hä­zir­ki za­man luk­man­çy­ly­gyn­da nä­sag­la­ry be­jer­mek­de we ola­ryň ja­ny­ny ha­las et­mek­de ne­ti­je­li usul­la­ryň bi­ri gan we on­dan ön­dü­ril­ýän, ga­nyň ýe­ri­ni tu­tu­jy se­riş­de­ler­dir. Sa­gdyn adam­lar luk­man bi­len mas­la­hat­la­şyp gan do­na­ry bo­lup bi­ler­ler.
Dür­li öý haý­wan­la­ry­ny we­te­ri­na­ri­ýa gö­zeg­çi­li­gin­den ge­çi­rip, yzy­gi­der­li de­giş­li san­jym­la­ry al­ma­ly. Ola­ry el­lä­niň­den soň eli­ňi­zi sa­byn­lap ýuw­ma­ly. Zä­her­li mör-mö­jek­le­riň, ýy­lan­la­ryň çak­ma­syn­dan ägä bol­ma­ly, özü­ňi go­ra­ma­ly, öz-özü­ňe we daş-tö­we­rek­dä­ki­le­re kö­mek et­me­li.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi.