Şu ýyl Gollandiýada demirýol gatnawlarynda ýelden alynýan elektrik energiýasy ulanylmaga başlandy. Dünýäniň ilatynyň artmagy aragatnaşyk ulgamynda täze-täze oýlap tapyşlaryň ýüze çykmagyna sebäp bolýar. Bularyň käbirlerini durmuşa ornaşdyrmakda köp tagalla edilýär. Bu taslamalardan biri hem ýanwar aýynda Gollandiýada amala aşyryldy. Ýurduň demirýol ulgamynyň hereketi ýel energiýasy bilen amala aşyrylýar . Netijede, günde 1 milliona golaý ýolagçy gatnadýan demirýol ulgamynda howany hapalaýan kömürturşy gazynyň azalýandygy belli boldy. Dünýädäki beýleki döwletlerde hem bu taslamany durmuşa ornaşdyrmak ugrunda dürli işler alnyp barylýar. Şeýlelikde, ýel energiýasy bilen işleýän demirýol ulaglarynyň köpelmegi bilen gysga wagtda howadaky kömürturşy gazynyň artmagynyň öňüniň alynjakdygyna ynanylýar.