Tehnologiýanyň ösmegi netijesinde, arassa energiýa çeşmelerinden peýdalanýan elektroulaglaryň sany barha köpelýär. Daşky gurşawy aýawly saklamak babatdaky tagallalaryň güýçlenmegi hem muňa itergi berýär. Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän arassa çeşmeleri halk hojalygynyň ähli pudagynda diýen ýaly peýdalanylýar. Elektroulaglary we olaryň batareýalaryny öndürmekde häzirki wagtda amerikan “Tesla” kompaniýasy dünýäde öňdeligi eýeleýär. Elektroulaglary kämilleşdirmekde dünýäniň öňdebaryjy şereketleriniň ählisi diýen ýaly tagalla edýär. Birnäçe aý ozal adyny “LeEco” diýip üýtgeden Hytaýyň “Letv” şereketi öz elektroulagyny öndürendigini mälim etdi. Firmanyň bu ugurda baý tejribesi bar. Sebäbi ol ABŞ-nyň elektroulag öndürýän “Faraday Future” şereketiniň hyzmatdaşy hem-de maýadary bolup durýar. “Letv” amerikan kompaniýasynyň “FFZERO1” modeliniň işlenip taýýarlanmagyna-da uly goşant goşupdy. Has dogrusy, bu ulag entek önümçilige goýberilmedi we has hem kämilleşdirilýär. “LeEco”-nyň bu ugurda başga-da tejribesi az däl. Angliýanyň “Aston Martin” kompaniýasynyň hyzmatdaşy bolmak bilen, onuň elektroulaglaryny kämilleşdirmegine-de goldaw berýär. Şeýle hem “Aston Martin”-i ulaglarynyň içindäki tehnologiýa bilen üpjün edýär. Indi hytaýly kompaniýanyň baý halkara tejribesi onuň öz ulagyny taýýarlamaga mümkinçilik berýär. Ol “LeSEE” atly elektroulagy öndürmegiň aladasyny edýär. Bu ulagy öndürmekde özüniň ygtybarly hyzmatdaşy “Faraday Future” bilen işleşipdir. Smarfon önümçiligi bilen hem meşgullanýan şereketiň ulagynyň iň ýokary tizligi sagatda 130 mile (210 km) deň bolar.