Ozal hem belläp geçişimiz ýaly, ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp uzak wagtlyk, ýagny 14 günlük Aziýa saparyny dowam etdirýär. Bu soňky 25 ýylyň dowamynda ABŞ-nyň Prezidentiniň iň uzak wagtlyk sapary hökmünde taryha girer. Trampyň Aziýa saparynyň ýene-de bir özboluşly tarapy bar. Ol hem saparyň başlanan günlerinde Donald Trampyň ABŞ-nyň Prezidenti wezipesine saýlanmagyna 1 ýyl doldy. ABŞ-nyň Prezidentlerinden Jorj Buş (ulusy) hem 1992-nji ýylda uzak wagtlyk sapara çykypdy.
Prezident Tramp Aziýa saparyny şu ýylyň 5-nji noýabrynda Ýaponiýadan başlady. Soňra Günorta Koreýada saparda bolup, Hytaýa özüniň ilkinji gadamyny basdy. Bu saparyň ilkinji güni uly üstünliklere beslendi. Iki ýurduň arasynda geçirilen ýokary derejedäki gepleşikleriň çäklerinde 253,4 milliard dollar möçberinde köp sanly resminamalara gol çekildi. Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň habar bermegine görä, dünýäniň iki uly ykdysadyýetine eýe ýurtlaryň arasynda awiasiýa ulgamynda 19 şertnama, bio-ylym, ýokary tehnologiýa önümçiligi we beýleki ugurlarda ençeme ylalaşyklar gazanyldy. Ylalaşyklara gol çekmek dabarasy Pekin şäherindäki Halk Geňeşiniň binasynda geçirildi. Hytaýyň wise-premýeri Wan Ýanyň hem-de ABŞ-nyň söwda ministri Uilbur Rossyň gatnaşmagynda geçirilen gol çekişlik dabarasynda esasan hem söwda hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine degişli ylalaşyklara gol çekilmegi bellärliklidir.
Hytaýa döwlet sapary bilen gelen ABŞ-nyň Prezidentiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň düzüminde ýurduň 30 sany iri korporasiýalarynyň ýolbaşçylary hem bar. Prezident Donald Tramp bilen Hytaýyň Başlygy Si Szinpiniň arasyndaky gepleşiklerde halkara syýasatyna degişli meseleler hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Prezidentleriň ilkinji duşuşygy Pekin şäherindäki “Gadagan şäher” diýlip atlandyrylýan “Gugun” muzeýler toplumynda geçirildi. Trampyň Hytaýdaky sapary 10-njy noýabra çenli dowam etdi.
ABŞ-nyň Prezidenti 10-njy noýabrda bolsa, Wýetnama bardy, şol ýerde Aziýa-Ýuwaş ummany ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň ýokary derejeli maslahatyna gatnaşýar. Soňra Prezident Tramp 12-14-nji noýabr aralygynda Filippinler Respublikasyna resmi saparyny amala aşyrar.