Ýakynda Türkiýe Respublikasynyň Izmir şäherinde «Turan» halkara film festiwaly geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň kino režissýorlary hem gatnaşyp, ýörite baýraklara mynasyp boldular.
Iki günläp dowam eden festiwal Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) we Türkiýäniň Medeniýet we syýahatçylyk ministrligi tarapyndan guraldy. Halkara kinofestiwala dünýäniň 77 ýurdundan jemi 1055 film hödürlenilip, olara 13 ugurdan baýraklar gowşuryldy. Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi halkara festiwala üç sany, ýagny «Ol Rumystany görsem» we «Umyt» atly dokumental filmleri hem-de «Meniň kakam» atly gysga göwrümli filmi hödürledi. Dokumental filmleriň birinjisi şu ýyl doglan gününiň 300 ýyllygy bellenilýän beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň ömrüne we döredijiligine bagyşlanan bolsa, ikinjisinde halkymyzyň milli gymmatlygy bolan dutaryň owazynyň jadylaýjy güýjünden söz açylýar. Festiwalda görkezilen üçünji türkmen filmi durmuş wakalaryna esaslanýar.
Agzalan türkmen filmleriniň başdaky ikisi halkara kinofestiwalyň ýörite baýraklary hem-de Hormat hatlary bilen sylaglandy.
«Ol Rumystany görsem» atly dokumental film Hekim Alowowyň režissýorlyk etmeginde, türkmen kinoçylary tarapyndan şu ýylda Türkiýe Respublikasynda surata düşürildi. Bu film türkmen nusgawy edebiýatynyň görnükli wekiliniň keşbini we döredijiliginiň ähmiýetini dünýäniň kino söýüjilerine täsirli açyp görkezýär. Ol kinofestiwalyň çäklerinde dünýäniň onlarça ýurdundan gelen kino we sungat ussatlaryna görkezildi. Filmiň halkara festiwalyň ýörite baýragyna eýe bolmagy TÜRKSOÝ tarapyndan «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edilen şu ýylyň dabarasyny has-da artdyrdy.
Halkara festiwalyň ýörite baýragyna mynasyp bolan «Umyt» atly türkmen filmi geçen ýylda režissýor Isgendermuhammet Annamuhamedowyň ýolbaşçylygynda surata düşürildi. Onda agyr derde ýolugan çaganyň lukmandyr hekimleriň hiç birinden em tapman, iň soňunda dutaryň jadylaýjy owazyna sagalyp gidişi täsirli beýan edilýär. Hut şu aýratynlyklary göz öňünde tutulyp, halkymyzyň dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna hem girizildi. Bu dokumental film hem dünýäniň kino söýüjilerini türkmeniň milli saz guralynyň, onuň mukamynyň jadylaýjy güýji bilen tanyşdyrýar.
Şeýle hem «Turan» atly halkara kinofestiwalyň guraýjylary tarapyndan Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşigine «Türki halklaryň kino sungatyna goşan goşandy üçin» diýen ýörite baýrak gowşuryldy.
Festiwalyň çäklerinde fotosurat we surat sergileri hem-de aýdym-sazly çykyşlar hem ýerine ýetirildi.