2017-nji ýyl boýunça jahankeşdeler üçin iň bir özüne çekiji şäher hökmünde Gonkong saýlandy. Muňa “Euromonitor International” kompaniýasynyň geçiren barlag işleri şaýatlyk edýär. Mälim bolşy ýaly, Gonkong şu ýylyň hasabyna 25,7 million syýahatçy kabul etdi.
Kompaniýanyň taýýarlan sanawynda ikinji orun Bangkok şäherine degişlidir. Bu şäherde 23,3 million syýahatçy dynç aldy. London bolsa, 19,8 million syýahatçysy bilen üçünjiligi eýeledi. Syýahatçylary özüne çekýän şäherleriň sanawynda ilkinji onluga giren şäherler: Singapur, Makao, Dubaý, Pariž, Nýu-Ýork, Şençžen we Kuala-Lumpur.
Sanawa görä, Moskwa şäheri 49-njy orny eýeledi. 2017-nji ýylda rus paýtagtyna 4,6 million syýahatçy geldi.