1889-njy ýylyň 6-njy maýynda Fransiýanyň paýtagty Parižde Bütindünýä sergisi (fransuzça: “Exposition Universelle of 1889”) hem-de bu serginiň derwezesi hökmünde hem-de Fransuz Rewolýusiýasynyň 100 ýyllygyna bagyşlanyp gurlan Eýfel diňi açyldy. Şol ýylyň 31-nji oktýabryna çenli dowam eden sergide dünýäniň 35 ýurdundan dürli harytlar we hyzmatlar görkezilip, 32 milliondan gowrak myhman gatnaşýar.
Gurluşygy dowam edýän wagtynda hem-de gurlup gutarylandan soňra-da dürli jedellere getiren täsin desga onuň binagäri Gustaw Eýfeliň adyny göterýär. Ýerli halk bu desgany “La dame de fer” ýagny “demir ledi/aýal” diýip atlandyrýar. Häzirki wagtda fransuz medeniýetiniň simwoly hasaplanýan bina dünýäde giriş tölegi bolup, iň köp görülýän ýadygärlik hasaplanýar. 1964-nji ýylda Fransiýanyň taryhy ýadygärligi (Monument historique) hökmünde ykrar edilen desga 1991-nji ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilýär.
Suratda: Serginiň geçirilýän meýdanynyň guşuçar belentlikden howa şarynyň üstünden alnan suraty.