Gün panelleri arkaly hereket edýän awtoulaglary öndürýän “Aptera Motors” kompaniýasy BAE bazary üçin täze ulag hödürledi. “Aptera BAE Union Anniversary Edition” atly üç tigirli täsin ulagyň daşy altynsow reňkli bolup, uglerod süýümleri bilen örtülendir. Ulag yssy howa şertleri göz öňünde tutulyp öndürilipdir. Ulagda ornaşdyrylan “Solar Chill” atly tehnologiýa daşky temperatura garamazdan, ulagyň içiniň salkyn bolmagyny üpjün edýär. Mundan başga-da, kebelek şekilli we açarsyz gapylar bilen üpjün edilendir. Awtoulag bir gezekki zarýady bilen 600 kilometr ýol geçip bilýär. Daşyny örtüp duran Gün panelleri arkaly alan energiýasy bolsa günde ortaça 60 kilometr ýol geçmäge mümkinçilik berýär. Täsin ulagyň golaýda Abu-Dabide geçiriljek “DriftX” sergisinde görkeziljekdigi bellenilýär. Ulagyň bahasynyň 27 müň dollar boljakdygy bellenildi.
Bu täsin üç tigirli awtoulagyň birinji nusgasy 2022-nji ýylda görkezilipdi.

Mährem BABAMYRADOWA, TMÝG-niň Hojambaz etrap Geňeşiniň Ýaşlar guramasynyň işjeň agzasy.