Türkmen edebiýatynyň görnükli nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Gyrgyz Respublikasyndaky Ilçihanasynyň ýardam bermeginde şahyryň goşgulary gyrgyz diline terjime edildi we «Magtymguly: Saýlananlar» ady bilen neşir edildi. Ýygyndy şahyryň 66 eserini öz içine aldy.
Täze neşiriň kömegi bilen gyrgyz dilli okyjylar Magtymgulynyň döredijiligi bilen öz ene dilinde tanşyp bilerler, munuň özi XVIII asyryň görnükli şahyrynyň şygryýetine has gowy düşünmäge we baha bermäge mümkinçilik berer.
«Magtymguly: Saýlananlar» atly täze neşiriň çapdan çykmagy bu dostlukly ýurduň edebi durmuşynda ýatdan çykmajak waka öwrüldi. Kitabyň Gyrgyzystanyň ähli şygryýeti we medeniýeti söýüjileriniň kitaphanasynda öz mynasyp ornuny aljakdygy şübhesizdir.