Çehiýanyň Prezidenti Miloş Zemanyň ýolbaşçylygyndaky hökümet wekiliýeti şu ýylyň 20-24-nji noýabry aralygynda Russiýa Federasiýasynda saparda bolar. Hökümet wekiliýetiniň düzüminde ýurduň iri kompaniýadyr firmalarynyň 120-den gowragynyň wekilleri bolar. Bu barada Çehiýanyň Senagat we söwda bileleşiginiň wekili Ewa Weliçkowa habar berdi.
Çehiýanyň Prezidenti rus kärdeşiniň çagyrmagy boýunça amala aşyrjak saparynyň çäklerinde 21-nji noýabrda Soçi şäherinde Wladimir Putin bilen, bir günden soň Moskwa şäherinde Premýer-ministr Dmitriý Medwedew bilen duşuşar. Şeýle hem bu saparyň çäklerinde rus we çeh işewürleriniň gatnaşmagynda forum guralar. Mundan başga-da, Miloş Zeman 23-nji noýabrda Ýekaterinburg şäherinde ýene-de bir rus-çeh telekeçilik forumyna gatnaşar.
Iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygy yzygiderli ýokarlanýar. Şu ýylyň 7 aýynyň jemleri boýunça bu görkeziji 35,4 göterim artyp, 4,8 milliard dollara deň boldy. Öz gezeginde Russiýanyň eksporty 53,7 göterim artyp, 2,9 milliard dollara, importy bolsa 14,5 göterim köpelip, 1,9 milliard dollara deň boldy.
Soňky ýyllarda Russiýa ulag serişdeleri we dürli enjamlary ibermek boýunça oňat netijeler gazandy. Bu ugurdaky ösüş depgini 11,3 göterime deň boldy.
Zeman täze möhlete barýar
Çehiýanyň Prezidenti Miloş Zeman 2018-nji ýylyň ýanwar aýyndaky Prezident saýlawlaryna gatnaşmagy maksat edinýär. Onuň üçin 113 müň ses toplandy we bu görkeziji Miloş Zemanyň dalaşgär hökmünde hasaba alynmagyna mümkinçilik berýär. Miloş Zeman ikinji 5 ýyllyk möhlete saýlanmakçy. Saýlawdaky dalaşgärleriniň sany 11-e deňdir, emma bilermenleriň pikirine görä, Miloş Zemanyň saýlawda ýeňiş gazanmak mümkinçiligi has köp.