Ispaniýanyň çempionatynda 34-nji tapgyrda Kataloniýa derbisinde “Žirona” güýçli garşydaşy “Barselonany” Dowbyk, Portu (2), Gutierresiň gollary esasynda 4-2 hasabynda utdy. Birinji aýlawdaky öz meýdançasyndaky oýunda hem şol hasap bilen utulan “Barselonanyň” gollaryny Kristensen (3) we Lewandowski (45+1 p) geçirdi. Bu ýeňişden soň “Žirona” 2-nji orna beýgeldi we taryhynda ilkinji gezek UEFA Çempionlar Ligasyna gatnaşmaga hukuk gazandy. “Žirona” “La Liganyň” adyndan UÇL-de çykyş etjek 14-nji klub bolar.

“La Ligada” 34-nji tapgyrdaky duşuşyklaryň 6-synda myhmanlar ýeňiş gazanyp, şolaryň biri indiki möwsümi 2-nji ligada geçirjek “Almeriýa” boldy. “Raýo Wallekanodan” 1-0 üstün çykan “Almeriýa” möwsümdäki 2-nji ýeňşini gazandy.

Hetafe – Atletik: 0-2 (Iniaki Williams 27, 51),

Real Sosiedad – Las Palmas: 2-0 (Suares 33 ö.d., Bekker 45+1),

Real Madrid – Kadiz: 3-0 (Diaz 51, Bellingam 68, Hoselu 90+3),

Žirona – Barselona: 4-2 (Dowbyk 4, Portu 65, 74, Gutierres 67 – Kristensen 3, Lewandowski 45+1 p),

Malýorka – Atletiko: 0-1 (Rikelme 5),

Osasuna – Betis: 0-2 (Aýose Peres 41, Fornals 45+3),

Selta – Wilýarreal: 3-2 (Ýago Aspas 22 p, Strand Larsen 39, Duwikas 82 – Moreno 12, Gedeş 65),

Walensiýa – Alawes: 0-1 (Hawi Lopes 68),

Raýo Wallekano – Almeriýa: 0-1 (Losano 30),

Sewilýa – Granada: 3-0 (Akunýa 11, En-Nesiri 51, Lukebakio 80)