Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 9-njy maýda Moskwada 1941–1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan ýeňşiň 79 ýyllygyny bellemek üçin guralýan harby ýörişde hormatly myhmanlaryň arasynda bolar. Bu barada Kremliň metbugat gullugy habar berýär.
Belarusyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Kubanyň Prezidenti Migel Dias-Kanel, Laosyň Prezidenti Thonglun Sisulith we Gwineýa Respublikasynyň Prezidenti Bissau Umaru Sissoku Embalo dagy harby ýörüşiň hormatly myhmanlary bolarlar.
Şeýle hem döwlet ýolbaşçylary Wladimir Putin bilen bilelikde Aleksandr bagynda näbelli esgeriň guburyna gül goýmak dabarasyna gatnaşarlar. Soňra Kremlde Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň adyndan parada gatnaşýan wekiliýetleriň ýolbaşçylary üçin kabul edişlik bolar.