Halkara planetariý güni her ýyl dünýäniň köp ýurdunda bellenilip geçilýär. Bu güne bagyşlanan çäreler ilkinji gezek 1990-njy ýylda Italiýan planetarileriniň assosiasiýasynyň (Associazione Amici dei Planetari) başlangyjy bilen geçirilýär.
Adamzat irki döwürlerden bäri asman jisimleri, olaryň hereketleri bilen ýakyndan gyzyklanypdyr. Şeýle bolansoň, tehnologiýanyň berýän mümkinçiliklerinden peýdalanyp, asman jisimleri ýakyndan synlamak üçin dürli esbaplary oýlap tapypdyrlar. Planetalaryň hereketi görkezilýän jaýa planetariý diýilýär. Obserwatoriýada açylyp-ýapylýan gümmeziň aşagyndaky teleskoplar arkaly kosmos giňişligini görüp bolýan bolsa, planetaride obserwatoriýalar arkaly ýerine ýetirilen gözlegleriň netijesini görüp bolýar.
Ilkibaşda planetariý gününi gije-gündiziň baharky deňleşýän gününe iň golaý ýekşenbe gününde bellemek maksady bilen mart aýynyň ikinji ýekşenbesi diýlip kabul edilýär. Geçen ýyldan belli bir gün bolmagy üçin planetariý taryhynda belli seneleriň biri bolan 7-nji maý diýlip kabul edilýär. Sebäbi, 1925-nji ýylyň 7-nji maýynda taryhda ilkinji gezek Mýunhendäki Nemes muzeýindäki planetari yzygiderli işläp başlaýar.