Hytaýyň Başlygy Si Szinpin 5 ýyl töweregi wagtdan soňra Ýewropa ýurtlarynda saparda bolýar. Döwlet ýolbaşçysynyň bu saparynyň maksatnamasynda käbir ýurtda ilkinji gezek bolar. 6-njy maýda Hytaýyň Başlygy Si Szinpin, Pariž şäheriniň Ýeliseý köşgünde guralan “Hytaý – Fransiýa-Ýewropa Bileleşigi” atly üç taraplaýyn maslahatda Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron hem-de Ýewropa Komissiýasynyň başlygy Ursula fon der Lýaýen bilen gepleşik geçirdi.
Bu maslahatda Hytaýyň lideri Siz Szinpin Hytaý bilen Ýewropa Bileleşiginiň üstünlikli dowam etdirilýän hyzmatdaşlyga ygrarly bolmalydygyny aýtdy. Şeýle hem, ol öz ýurdunyň Ýewropa sebitine möhüm hyzmatdaş hökmünde garaýandygyny belledi.
Hytaýyň Başlygy Si Szinpin 5-nji maýda Fransiýa, Serbiýa we Wengriýa döwlet saparlaryny amala aşyrmak maksady bilen Ýewropa saparyna başlady. Bu sapar Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makronyň, Serbiýanyň Prezidenti Aleksandar Wuçiçiň, Wengriýanyň Prezidenti Tamaşa Şuýokyň we Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orbanyň çakylygy boýunça amala aşyrylýar. Onuň Ýewropa sapary 10-njy maýa çenli dowam eder.
-Hytaý mundan beýläk hem Fransiýa we beýleki ýurtlar bilen ýokary derejeli gatnaşyklary çuňlaşdyrar. Fransiýa ýaşyl innowasiýa esasynda gaýtadan senagatlaşdyrýar, Hytaý bolsa, öz gezeginde, täze hilli öndürijilik güýçleriniň ösüşini çaltlaşdyrýar. Iki ýurt innowasiýa pudagyndaky hyzmatdaşlygy çuňlaşdyryp, bilelikdäki tagallalar arkaly ýaşyl ösüşe ýardam berip biler – diýip, Hytaýyň Başlygy Si Szinpin belledi.
Şeýle hem Hytaý dünýäde parahatçylygy we durnuklylygy saklamak üçin Fransiýa bilen özara gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga bil baglaýar. Si Szinpin “Hytaýyň Ýewropa parahatçylygyň we durnuklylygyň çalt gaýdyp gelmegine umyt baglaýandygyny, halkara jemgyýetçiligi, şol sanda Fransiýa bilen bilelikde emele gelen çökgünliklerden çykalga gözlemäge taýýardygyny aýtdy. ”
Mundan başga-da, Hytaýyň Başlygy HHR bilen Fransiýanyň garaşsyz we özbaşdak ruhy bolan iki sany uly ýurtdugyny we taryhyň dowamynda olaryň her biriniň dünýäniň ösüşine täsir etmäge ukyply bolandygyny belledi.