Ýaponiýanyň hökümeti daşary ýurtly talyplary “MEXT” atly talyp hakly maksatnama gatnaşmaga çagyrýar. Bu barada Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy habar berýär.
Hususan-da, talyp hakly maksatnamalar 4 ugry öz içine alýar:
- Talyp – ylmy barlagçy (aspirantura derejesi)
- Talyp (bakalawr derejesi)
- Tehnologiýa kolležiniň talyby – (orta hünär derejesi) – Hünärler: (1) Mehanika, (2) Elektrik, elektronika, (3) Maglumat we kommunikasiýa ulgamy, (4) Materiallar (5) Binagärlik, (6) Gurluşyk, (7) Söwda gämileri, (8) Beýlekiler.
- Ýöriteleşdirilen okuw kolležleriniň talyby – Hünärler: (1) Senagat, (2) Arassaçylyk, (3) Bilim we durmuş üpjünçiligi, (4) Söwda, (5) Egin-eşik, şaý-sepler we öý hojalygy, (6) Medeniýet we bilim
Türkmenistanyň raýatlary Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasyna ýüz tutmalydyr. Ýüz tutmagyň ahyrky möhleti – 2024-nji ýylyň 7-nji iýuny.
Maksatnamalar barada giňişleýin maglumat üçin: https://www.tm.emb-japan.go.jp/itpr_ja/11_000001_00412.html