Irden turup iň köp soralýan soraglaryň biri hem «Men agşam hor çekdimmi?». Hor çekmek ýygy-ýygydan duş gelip, horlamagyň nähili ýagdaýda, nädip emele gelýändigi hemmeler üçin gyzykly bolsa gerek. Çak edilişine görä, ulularyň 45 göterimi wagtal-wagtal, 25 göterimi yzygiderli hor çekýär. Hor çekmek saglyk bilen bagly ýagdaýmy? Eýsem, horlamagyň öňüni alyp bolýarmy?
Horlamak dem alyş ýolundaky bölekleýin päsgelçilik, bokurdagyň çişmegi we myşsalaryň gowşamagy sebäpli ýüze çykýar. Howa ýoly petiklenip, aňsatlyk bilen dem alyp bolmaýandygy sebäpli, dem alnanda bokurdakda titreme döräp, horruldyly ses emele gelýär. Horlamak adamyň hem özüne, hem-de töweregindäkileriň dynç alşyna täsir edýär. Hor çekýän adamda ertesi gün ýadawlyk alamatlary bilen birlikde, kellagyry, bedende käbir agyrylar ýaly alamatlar ýüze çykyp biler.
Hor çekmegiň sebäbi näme?
Kadaly uklamaga päsgel berýän bu ýagdaý adam saglygy bilen bagly ýüze çykyp biler. Adatça horlamak agzyň we bokurdagyň gurluşyna baglylykda döräp bilýär. Käwagt horlamak gündizki ýadawlyklar bilen bagly bolup biler. Emma dowamly hor çekmek burnuň, bokurdagyň, eňegiň gurluşy bilen bagly, dodagyň çişmegi, artykmaç agram, derman serişdeleriniň ulanylmagy, ýürek ýetmezçiligi sebäpli ýüze çykyp biler.
Horlamagyň alamatlary
Horlamak öz-özünden döreýän wagtlaýyn alamat hasaplanýar. Ýöne bu ýagdaý uzak dowam etse, saglyk bilen bagly duýduryş bolup biler. Irden turanyňda bokurdagyň agyrmagy, dowamly ýadawlyk, gan basyşynyň üýtgäp durmagy, uklamakda kynçylyk çekmek, basyrganmak, tiz gaharlanmak hor çekilenden soňky alamatlar bolup, şeýle ýagdaýlarda lukmana ýüz tutmak maslahat berilýär. Lukmana özüňde bolup geçýän alamatlary düşündirmek, hor çekmegiň sebäbini anyklamak saglyk üçin möhümdir. Köplenç hor çekmek durmuş endikleriňi üýtgetmek we sagdyn durmuş ýörelgesine eýermek arkaly bejerilýär. Has galyň ýassykda ýatmak, bir gapdala uklamak, berhiz saklamak, ýeňil iýmitlenmek, zyýanly serişdelerden daşda durmak hor çekmegiň öňüni almaga ýardam edýär.