1997-nji ýylyň 11-nji maýynda küşt oýnaýan “Deep Blue” superkompýuteri jogap duşuşygynda küşt boýunça dünýä çempiony Garri Kaspoarowy soňky gezek utdy. IBM kompaniýasynyň öndüren bu kompýuteri bilen dünýä çempionatynyň arasyndaky ondan öňki ýyllarda hem birnäçe gezek duşuşyk geçirilipdi. Olaryň käbirinde kompýuter Kasparowdan ýeňlipdi. Emma kompýuteriň soňky nusgalaryny ýeňmek dünýä çempionyna başartmady.