Dünýä tejribesi intellektual we tehnologik bäsdeşligiň ýitileşýän häzirki şertlerinde dünýä hojalygynda öňdebaryjy orunlary eýelemek ykdysadyýeti innowasiýalara esaslanýan ýurtlara başardýandygyna şaýatlyk edýär. Ösen döwletlerde jemi içerki önümiň ösüşiniň 80-95 göterimi tehnikada we tehnologiýalarda jemlenen täze bilimleriň hasabyna gazanylýar. Öz ykdysady kuwwatyny artdyrmak isleýän islendik döwlet ýurduň içinde jemlenen ylmy-tehniki we intellektual mümkinçilikleri ulanmaga çalyşýar. Şeýle çemeleşme bolsa, tutuş döwletiň geljekki ösüş ugruny kesgitleýär.
Ýurdumyzyň ykdysady strategiýasynda ylma daýanýan, dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply bolan önümleri öndürmek wezipesine aýratyn orun degişlidir. Hormatly Prezidentimiz tarapyndan yzygiderli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda, Türkmenistanda innowasiýa häsiýetli ykdysadyýetiň – “bilimler ykdysadyýetiniň” kemala getirilmegi ugur edinilýär. Ýurdumyzyň intellektual we ylmy-tehniki kuwwatynyň hemmetaraplaýyn durmuşa geçirilmegi senagaty, oba hojalygyny ösdürmek üçin täze mümkinçilik açýar. Intellektual eýeçiligiň milli ulgamyny kemala getirmek hem-de ony halkara derejesine çykarmak, öňdebaryjy inžener-tehniki işläp taýýarlamalaryň, ylmy açyşlaryň we innowasiýalaryň hukuk goragyny üpjün etmek we olary ykdysadyýetiň dürli pudaklaryna giňden ornaşdyrmak boýunça çäreleriň toplumy meýilleşdirildi. 2015-nji ýylyň 11-nji iýunynda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde “Türkmenistanda innowasiýa işini ösdürmegiň 2015-2020-nji ýyllar üçin maksatnamasynyň” we şu maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasynyň kabul edilmegi ýurdumyzda senagat-innowasion syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylýandygyny görkezdi.
Türkmenistanyň Mejlisiniň şu ýylyň 4-nji noýabrda geçirilen maslahatynda hormatly Prezidentimiz tarapyndan durmuşa geçirilýän syýasatyň, Konstitusiýanyň rejelenen görnüşiniň hem-de ýurdumyzyň kanunçylyk hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnamanyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda işlenip taýýarlanylan kanunlaryň we kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň birnäçesi kabul edildi. Ýakynda geçirilen Ýaşulularyň maslahatynda kabul edilen “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2018–2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna” laýyklykda, senagat taýdan ösen ykdysadyýeti döretmek maksadynda ileri tutulýan milli ugurlary üpjün etmek, ylmy-tehniki işleri ornaşdyrmak boýunça işleriň dowam etdiriljekdigi bellenildi. Ýokary hilli bilim milli ykdysadyýeti üstünlikli ösdürmegiň möhüm düzüm bölegi bolup durýar. Bu gün dürli ýokary okuw mekdepleriniň talyplary robotlary, “akylly öý” ulgamyny, kompýuter maksatnamalaryny oýlap tapýarlar. Biziň talyplarymyzyň we mekdep okuwçylarymyzyň ençemesi bilim bermegiň iň täze maglumat tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagynyň netijesinde halkara ders bäsleşikleriniň ýeňijileri bolýarlar.
Türkmen döwletinde ylmy barlaglara we işläp taýýarlamalara, tehnologik we guramaçylyk innowasiýalara gönükdirilýän maýa goýumlaryň ýyl-ýyldan artdyrylmagy, olary ulanmagyň esasynda ýokary ykdysady netijeleriň gazanylmagy ýurdumyzda innowasiýa işiniň mundan beýläk-de ösdürilmegini şertlendirdi. Häzirki döwürde maglumat-aragatnaşyk we elektron tehnologiýalar, bio we lukmançylyk tehnologiýalary, nanotehnologiýalar we täze materiallary öndürmäge mümkinçilik berýän tehnologiýalar ýurdumyzyň innowasion ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny emele getirýär. Ýokary halkara ölçeglerine kybap gelýän döwrebap, ulanmaga amatly elektrik enjamlary öndürilip başlandy. Olaryň hatarynda ýokary hilli tozan sorujylar, elektrik ýyladyjylar, ýagtylyk diodly yşyklandyryjylar, täze kysymly elektrik hasaplaýjylar hem-de häzirki zaman abzallary bar. Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri boýunça täze işläp taýýarlamalary öndürmek hem esasy wezipeleriň biri bolup durýar.
Ýurduň geljegini nazarlaýan bu innowasion ösüş köp babatda ýurdumyzyň ylmy kuwwatynyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyny talap edýär. Soňky ýyllarda ýurdumyzyň ylym pudagynyň hukuk binýady döwrebap derejede yzygiderli kämilleşdirilýär. Durnukly ösüşiň üpjün edilýän bu döwründe kabul edilen “Ylmy edaralar hakynda”, “Ylmy-tehnologiýa parklary hakynda”, “Innowasiýa işi hakynda” Türkmenistanyň Kanunlary ylmyň möhüm durmuş-ykdysady meseleleri çözmekdäki mümkinçiliklerini artdyrmaga gönükdirilendir.
Dürli innowasion önümleri öndürmek üçin düýpli ylmy-barlaglaryň geçirilmegi, tejribe-konstruktorçylyk işleriniň netijeleriniň ornaşdyrylmagy – bu işleriň özara utgaşdyrylmagy zerur bolup, olary netijeli durmuşa geçirmekde 2014-nji ýylyň 12-nji iýunynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň garamagynda döredilen Tehnologiýalar merkeziniň orny hem örän uludyr.
Baýram YLÝASOW,
Türkmenistanyň döwlet energetika
institutynyň mugallymy.