Bilşimiz ýaly, Gün ulgamyndaky beýleki planetalar bilen bir hatarda Ýer hem Günüň daşyndan aýlanýar. Şol bir wagtyň özünde planetamyz öz hyýaly okunyň daşyndan hem aýlanýar. Gije bilen gündiziň emele gelmegi Ýeriň öz okunyň daşyndan aýlanmagy bilen bagly hadysa. Ýer togalagy öz daşyndan sagatda 1670 kilometr tizlik bilen aýlanýar. Biz hem onuň üstünde ýaşaýandygymyza garamazdan, bu tizligi hiç hili duýmaýarys. Sebäbi Ýeriň daşyndaky atmosfera bizi bu tizligiň täsirinden goraýar. Muny has ýönekeý mysal bilen düşündireliň. Uçardaky ýolagçylar onuň örän ýokary tizligine garamazdan onuň içinde oturyp kitap okaýarlar, çaý içýärler, nahar iýýärler. Olar bu tizligi hiç hili duýmaýarlar. Sebäbi uçaryň içindäki ähli zat, hatda howa-da olar bilen bile hereket edýär. Ýer ýüzi hem edil şolar ýaly, atmosferasy bilen bilelikde hereket edýär we şol sebäpli Ýeriň tizligini duýup bolmaýar. Ýeri gelende aýtsak, planetamyz bu hereketi bilen bir hatarda Günüň daşyndan hem aýlanýar. Onuň tizligi sagatda 108 müň kilometre barabar bolup, ol bizden 150 million kilometr töweregi uzakda bolan Günüň daşyndaky aýlawyny 1 ýylda tamamlaýar.